TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BAGY-BOSSAN DIÝARYM

Özüniň täsin mähremligi we hoştap howasy bilen ynsan kowmunyň ýüregine aram berýän gözel diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Güneşli ülkämizde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyzda hem bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Indi, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasy esasynda ençeme ýyllardan bäri her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek işleri asylly däbe öwrüldi.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek ýurdumyzda üns berilýän esasy meseleleriň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan we hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda guramaçylykly geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde ýurdumyzda giň tokaý zolaklary döredildi. Muňa zähmetsöýer halkymyz uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda köp sanly başlangyçlar bilen çykyş edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu ýylyň 4-nji noýabrynda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Güýz gününiň hoştap säherinde tutuş ýurdumyz boýunça agzybirlikli zähmet gaýnap joşýar. Adamlaryň müňlerçesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek möwsümine uly höwes bilen goşulýarlar. Çäräniň geçýän ýerlerinde aýdym-sazly çykyşlaryň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa dabara baýramçylyk ruhuny berýer hem-de oňa gatnaşyjylaryň ruhuny göterýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy  döwründe, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şäheriň arassaçylygyny saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigi, şeýle-de ulag kommunikasiýalarynyň, senagat düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Bilşimiz ýaly, her ýylda ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp oturýan arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar.

Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, idetmek işleri sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Şol sebäpli mundan birnäçe müň ýyl ozal hem, baryp Gorkut ata eýýamy döwürlerinde bag barada, olary köpeltmek barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler döräpdir. Hemmämize mälim bolan Gorkut atanyň «Bir nahal ekseň, ömrüň baky», «Bir şahany döwdügiň, eliňi ýa aýagyňy döwdügiňdir» ýaly bag barada aýdan pähimleri muňa şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda hem bag barada birnäçe paýhasly sözler, pähimler ýerleşdirilipdir: «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç tutan ýeriňden döwülmez», «Bag-barsyz bolmaz, at-timarsyz». Ýa-da Şahyr Gara Seýitliýewiň setirleri bilen aýtsak: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar».    

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna biziň ýaşlarymyz hem işjeň gatnaşýar. Şeýle taryhy günde ähli türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidine okuwlaryny zähmet çekmek bilen üstünlikli utgaşdyrýarlar. Bu bolsa gadymdan bäri ata-babalarymyz tarapyndan miras hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän terbiýe mekdebiniň oňyn miwesidir.

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler özüniň ähmiýetliligi bilen ekologiýa syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzyň töwereklerindäki dag eteklerinde bu gün müňlerçe gektar meýdanda bagy-bossanlyklar ýaýylyp gidýär.

Türkmenlerde ähli döwürlerde tebigata aýawly garalypdyr. Beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilen tebigatymyz täsin gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen bitewülikde we sazlaşykda ýaşapdyr. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, has takygy, dag çeşmeleri, sahawatly topragy, amatly howa ýagdaýy ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam etdi. Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde gülläp ösen suwarymly ýerleriň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa ekerançylyk bilen meşgullanyp, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýär.

Tebigat, daşky gurşaw bilen ynsanyň berk baglanyşyklydygy hakyndaky kanunalaýyklyga görä, her bir milletiň medeniýetiniň, sungatynyň gözelligi, dünýägaraýşynyň giňligi ýaşaýan ýeriniň tebigy öwüşginlerine gönüden-göni baglydyr. Türkmen tebigaty — türkmen milletiniň baý hem köpöwüşginli medeniýetiniň ylham çeşmesidir, milli gymmatlyklarymyzyň gözellik genjidir. Ony goramak, «Ýagşydan at galar» diýlişi ýaly, geljek nesillere miras goýmak baradaky çuň pelsepä ýugrulan däplerimiz hem halkymyzyň buýsanjydyr.

Ata-babalarymyzyň geljek nesiller üçin miras goýan, ekip ýetişdiren baglary gözlerimiziň guwanjydyr. Ülkämiziň köp ýaşan belli agaçlary biziň köňlümize saýa salýar. Sekizýabyň boýundaky ýabany üzümler, gadymy garagaçlardyr söwütler, Garry Nohur obasyndaky köp ýaşly çynarlar, Lebap welaýatyndaky «Gyzylbaba» tut agajy, Köýtendagdaky belli arnap baglary, Daşoguz welaýatyndaky garry güjüm agaçlary we başga-da birnäçe baglar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr.

Adam eli bilen döredilen ýaş tokaýlar, baglar, seýilgähler eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, hatda alys künjeklerinde hem ýaýylyp ýatyr. Şolar ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyryp, tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Derýalaryň we akabalaryň kenarlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýerleşen Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary, Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi gök begrese bürenýär.

Ýurdumyzyň geljek nesilleri üçin şeýle uly aladalar edýän, dünýäde alnyp barylýan ekologik abadançylygy ugrundaky işlere uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, öm­ürleri uzak bol­sun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.