TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

MART SAÝLAWLARY: DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK WE OLARY BELLIGE ALMAK

Şu ýylyň mart aýynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak işleriniň guramaçylykly amala aşyrylmagy üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilen raýatyň saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan bolmalydyr. Şeýle hem hödürlenilýän dalaşgär soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna bolsa, saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilmelidir.

Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby
öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.

Dalaşgär hödürlemek boýunça geçiriljek mejlisler, ýygnaklar barada öňünden degişli saýlaw toparlaryna habar berilmelidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler syýasy partiýalaryň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde (gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda) hödürlenilmelidir.

Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde hödürlenilýär.

Geňeş agzalygyna dalaşgärler syýasy partiýalaryň etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.

Syýasy partiýalaryň merkezi, welaýat, etrap, şäher we ilkinji guramalarynyň dalaşgärleri hödürlemek barada bilelikdäki mejlisleri, ýygnaklary geçirmäge hukuklary bardyr.

Syýasy partiýalaryň degişli guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda ýa-da olaryň bilelikdäki mejlislerinde, ýygnaklarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşiň agzalygyna birnäçe dalaşgär, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgär hödürlenilip bilner.

Dalaşgärleri bilelikde hödürlän syýasy partiýalaryň merkezi, welaýat, etrap, şäher we ilkinji guramalarynyň soňra şol okruga özbaşdak dalaşgär hödürlemäge hukugy ýokdur.

Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilende, raýatlar toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilende, raýatlar toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär hödürlenilende bolsa, raýatlar toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşmalydyr.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri degişli okrug saýlaw topary, halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri degişli welaýatyň, etrabyň, şäheriň saýlaw topary, Geňeş agzalygyna dalaşgärleri bolsa, geňeşlik saýlaw topary bellige alýar.

Bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda  tamamlanýar.

Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär hem-de bellige alnan dalaşgärlere şahsyýetnama berilýär.

Okrugyň, welaýatyň, etrabyň, şäheriň, geňeşligiň saýlaw topary degişli dalaşgärleriň bellige alnandygy hakynda teswirnama düzýär, bu teswirnama dalaşgärleriň razylyk arzalary bilen bilelikde degişli saýlaw toparynda saklanylýar.

Dalaşgärler haýsydyr bir saýlaw toparynyň düzümine girýän ýa-da synçy bolsa, ol bellige alnan pursadyndan toparyň düzüminden çykarylan ýa-da synçynyň ygtyýarlyklary bes edilen diýlip hasap edilýär.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.