TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär.

Bu günki gün dünýä ýüzünde Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolup, daşary syýasatda, dünýä döwletleri, şol sanda goňşy döwletler bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerinden ugur alýar.

Biziň buýsanjymyz bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk döwletimiziň mizemez sütünleri bolmak bilen, onuň okgunly ösüşini we parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny, abadan durmuşyny we kuwwatly ykdysadyýetini, adam baradaky iň ýokary aladany iş ýüzünde üpjün etmegiň berk kepilleridir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda oňyn bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi we işjeň durmuşa geçirip başlady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy baradaky Rezolýusiýalarynyň biragyzdan kabul edilmegi biziň döwletimiziň daşary syýasatyna berlen ýokary bahanyň we giň goldawyň subutnamasydyr. Bu taryhy we abraýly derejä ýetmek üçin Türkmenistan birnäçe meseleleri çözmeli boldy. Türkmenistan iş ýüzünde hoşniýetli, «açyk gapylar», parahatçylyk söýüjilikli, bitarap daşary syýasaty alyp bardy.

Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýär. Şeýle-de ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde hem-de öz bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerledýär hem-de «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä pugta eýerýär.

Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir. Aýratyn bir bellemeli zatlaryň biri: Bitaraplyk döwletimize asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, ýurt garaşsyzlygyny berkitmäge, batly gadamlar bilen öňe gitmäge giň mümkinçilik açdy. Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň dünýädäki dostlarynyň, hyzmatdaşlyk edýän döwletleriniň sanynyň köpelmegine, onuň halkara abraýynyň artmagyna getirdi.

Türkmenistanyň bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň peselmegine, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine, birnäçe gapma-garşylyklaryň öňüniň alynmagyna ýardam etdi. Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlary onuň abraýyna-abraý, derejesine-dereje goşdy. Belläp geçsek, Türkmenistanyň bitaraplyk derejä eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi tötänden däldir.

Daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri öz makalalarynda parahatçylyk söýüji häsiýetli köptaraply diplomatiýanyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýynyň belent derejä galandygyny nygtaýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgeleriniň tutuş dünýäde goldawa eýe bolýandygynyň tassyknamasydyr.

Geçen 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltjekdigini nygtap, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Konsepsiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeler hem-de häzirkizaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

Bu Konsepsiýa sebit we ählumumy derejede syýasy, geoykdysady ýagdaýlaryň öwrenilmegine esaslanýan degişli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljekde-de BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ygrarly bolar. Mundan başga-da, bu Konsepsiýa biziň ýurdumyza dünýä ykdysadyýetiniň häzirki emele gelen ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy maliýe, ykdysady we söwda edaralarynyň işine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Onda Türkmenistanyň energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky iri taslamalarynyň ähmiýeti, bu ugurlardaky öňde durýan wezipeler beýan edilýär.

Resminamada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine we maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Konsepsiýada degişli çäreler we teklipler, şol sanda halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk boýunça wezipeler kesgitlenendir.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umum adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

Allanur Gökjäýew,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.