TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÝAŞLARY RUHUBELENTLIGE BESLÄN ÜSTÜNLIKLI ÝYL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde asuda we agzybir türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin zerur şertler döredilendir.

Şol mümkinçilikleriň netijesinde Watanymyza, halkymyza, Oguz han atamyzyň, Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine, pederlerimiziň ajaýyp ýörelgelerine wepaly, ruhubelent, halkara derejesinde bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.

Ýaşlar bolsa demokratik döwletimiziň ösüşiniň kepilidir, 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip at berilmegi hem hut şonuň üçindir. Taryhy wakalara beslenen, gün­do­gar se­ne­na­masynyň towşan ýyly bolsa ýaşlarymyz üçin üstünlikli seneleriň biri boldy.   

Elbetde ýaşlar barada aýdylanda dünýewi, demokratik we hukuk döwletimizde geçirilýän saýlawlarda hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň işjeňlik görkezýändiklerini aýratyn belläp geçmek gerek. Şu ýylyň 26-njy martynda we 23-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, milli synçylaryň, wekilçilikli edaralara dalaşgärleriň we saýlanylanlaryň arasynda ýaşlaryň köpüsiniň bardygy hem buýsançly ýagdaýlardyr.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçmegi, şol sapakda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada söhbet etmegi hem ýylyň iň bir şatlykly we taryhy wakasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň öwüt-ündewleri bolsa ýaş nesillerimize dogry ýol görkezýän gymmatly hazynadyr hem-de şamçyragdyr.

Asla, üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy bilen dörän ajaýyp Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, oňa ýaşlaryň şäheri diýilmegi, täze eýýamyň täsin we akylly şäherinde ýaşlaryň ýaşamagy, işlemegi, ylym-bilim almagy üçin döwrebap ýokary şertleriň döredilmegi olary uly ruhubelentlige beslän ýylyň iň bir möhüm wakasy bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçmek gerek.

Ynha! Şu ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy-da biziň ýaşlarymyzyň abraý-mertebesiniň halkara derejesinde belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Goýny jennet mekanly, ili bagtyýar zamanly, mertebesi şöhrat-şanly Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ýurdumyzyň ýaşlarynyň köpüsine döwlet sylaglarynyň berilmegi hem olary mundan beýläk hem tutanýerli we höwesli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Ýylyň buýsançly wakalarynyň biri bolan – Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda-da türkmen türgenlerimiziň hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ruhlanyp, üstünlikli çykyş edip, 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç, jemi 15 medal gazanmaklary hakykatdanam bu ýylyň ruhubelentlige we ruhubelentlige beslenendigini görkezýär.

Şir ýürekli Görogly begiň döwran süren topragynda kemala gelen gujurly türkmen türgenlerimiz daşary ýurtlarda geçirilen  halkara sport ýaryşlaryna-da gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallaryny gazanmagy başardylar. Daşary ýurt döwletlerinde geçirilen dürli ylmy bäsleşiklerde hem ýeňiş gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Mynasyp ýeňişler bilen döwletimiziň tuguny belentde parlatdylar.

Üstümizdäki ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilen baýramçylyk toý çärelerine hem bagtyýar ýaşlarymyz ruhubelentlikde gatnaşyp, Bitaraplyk derejämize buýsandylar.

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiziň şol mejlisde beren tabşyryklary, şeýle-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda, şatlykly Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, 27-nji dekabrda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Oňa ata Watanymyzyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşan ýaşlarymyzyň gatnaşmagy, şeýle-de ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleriň, tälimçileriň hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlaryň hem gatnaşmagy, bagtyýar ýaşlarymyzyň ruhuny belende göterer.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek ýaşlaryň forumyna taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär. Geçiriljek   ýaşlaryň maslahatynyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Ýaşlaryň şu ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleriniň netijelerine mynasyp baha berilmegi hem-de sylaglanylmagy geljekki uly üstünliklere ýol açar we olaryň joşgunly kalplaryny has-da şatlandyrar. Şeýle-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny resmi taýdan gowşurmak dabarasy hem bolar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren Türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar.

Şeýlelikde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» Türkmenistanlylar, şol sanda ýaşlar üçin ýatdan çykmajak taryhy we üstünlikli ýyllaryň biri boldy.

Şu şatlykly pursatlarda halkymyzy, hormatly Prezidentimizi we Milli Liderimizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Amangeldi Gandymow,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.