TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

2023-NJI ÝYL: SAÝLAWLY DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň, jemgyýetiň ähli ugurlarynda demokratiýanyň, halk häkimiýetliliginiň ösdürilmeginiň üpjün edilmegi döwletimiziň ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kabul edilýän kanunlar ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegine, her bir adamyň ýaşamaga, azat ömür sürmäge, maşgala gurmaga, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, işlemäge, dynç almaga, bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň şertleri döredýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz  tarapyndan ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuk-larynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu iş täze many-mazmuna, has kämil häsiýete eýe bolýar. 

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we   ge­ňeşleriň agzalarynyň saýlawlary guramaçylykly geçirildi. Açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşlik, demokratik ýörelgeler esasynda geçen saýlawlar halkymyzyň tutuş taryhynyň dowamynda ygrarly bolan halk häkimiýetlilik däplerini ösdürmegiň ýolunda täze ädim boldy.

Bu saýlawlarynyň jemlerine bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 31-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň ýokary derejede geçirilendigini kanagatlanma we adalatlylyk bilen belledi hem-de bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, bäsleşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçen saýlawlar ýurdumyzyň syýasy ulgamynyň kämildigini, adamlaryň özleriniň raýatlyk borjuna wepalydyklaryny, hukuk medeniýetiniň ýokarydygyny, hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Watan di­ňe halky bilen Watandyr!» diýen şygarynyň raýatlarymyzy jebisleşdirýän, olary täze maksatlara ruhlandyrýan güýçdügini ýene-de bir gezek bütin aýdyň­lygy bilen görkezdi.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary barada, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan gelen halkara synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary saýlawlaryň netijeleri boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren brifinglerinde Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik we bäsleşikli esasda geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Halkara synçylary saýlawlara saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryny aýratyn bellediler.

Şeýle-de, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda:

«Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesini görkezýän möhüm syýasy waka boldy. Bu saýlawlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütinleý täze eýýama ynamly gadam basandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi» diýip belledi.

Bilişimiz ýaly, şu ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly taryhy waka bolup geçdi, ýagny Arkadag şäheriniň  açylyş dabarasy boldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda uly özgertmeleriň anyk netijesidir.

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary hem köp partiýalylyk, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler esasynda, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 5-si saýlandy.

Saýlawlar barada aýdylanda, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda ýaş nesliň syýasy ukyplylygynyň hem-de işjeňliginiň derejesiniň hakykat ýüzünde barha ösüşe eýe bolýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek.

Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda we 23-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda ýaşlarymyzyň uly syýasy ösüşe we işjeňlige eýe bolmaklary  «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň saýlaw ulgamynda hem öz mynasyp beýanyny tapandygyny äşgär edýär.

Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda kämilleşdirilen we döwletiň bähbidine gönükdirilip, adalatly geçirilýän saýlawlar ýurdumyzyň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoly bilen öňe ynamly barýandygyny bütin dünýä jar edýär.

Ynha! Şatlykly Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji ajaýyp kitaby hem çapdan çykdy. Bu gymmatly kitap biziň halkymyz, şol sanda ýaşlarymyz üçin uly baýramçylyk sowgady boldy.  

Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürler uzak, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Aman Amanow,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.