Merdana halkymyz ata kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Baky bagtyýarlyga eýe bolan ruhubelent halkymyz süýji arzuw-umytlar bilen täze 2024-nji — luw ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldy.
Bagtyýar hem agzybir türkmen halkymyz bu ýyla örän üýtgeşik, şadyýan, ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlaýan, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýän şatlykly Täze ýyl baýramy bilen gadam basdy.
Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň dabaralanýandygynyň, asuda, parahat Türkmenistanyň ösüşiň şuglaly ýagty geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistan röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyny berkidip, ähli babatdaky okgunly ösüşi, dünýä giňişliginde eýeleýän mynasyp orny, döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen öz halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrdy.
Elbetde, tamamlanan 2023-nji ýylyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň täze taryhyna ýurdumyzyň halkara abraýynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyna, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna, ruhy taýdan galkynýandygyna şaýatlyk edýän wakalary ýazdy.
Munuň şeýledigine, 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, 26-njy martda we 23-nji iýulda guramaçylykly geçirilen demokratik saýlawlar hem şaýatlyk edýär. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, taýsyz tagallalary, jöwher paýhasy bilen gurlan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji dörän «akylly» ajaýyp şäher — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny ýatlasak ýerlikli bolar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Şeýle-de, ýylyň buýsançly wakalarynyň biri bolan –Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi, Täze ýylyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji ajaýyp kitabynyň çapdan çykyp, elimize gowuşmagy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem geçen ýylda ýatdan çykmajak buýsançly wakalaryň biri boldy.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylda gazanylan taryhy we uly üstünlikleriň dowamaty, nesip bolsa, 2024-nji ýylda dowam bolar.
Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzda her ýyly, möhüm wakalary bilen baglylykda, mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, deputatlardan, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeşler toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, şu ýylyň şygary hem-de nyşanyny makullap, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «Mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip at berdik. Gahryman Arkadagymyzyň öz şygrynda belleýşi ýaly, biziň her birimiz üçin akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr» diýip, uly buýsanç bilen belledi.
Munuň özi 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek, pähim-paýhas ummany bolan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormatdyr. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň amala aşyrýan iri möçberli özgertmeleriniň dowam etdirilmegine çagyryş bolup ýaňlanýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygaryndan ugur alyp, has-da tutanýerli, döredijilikli, netijeli we watansöýüjiik bilen zähmet çekmek her birimiz üçin bimöçber bagtdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda, merdana türkmen halkynyň yhlasly zähmeti netijesinde luw ýylynda hem depginli ösüşleriň we uly üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynanýarys.
Gündogar senenamasynda bu ýylyň reňki ýaşyl reňk hasap edilýär. Şundan çen tutsaň, 2024-nji ýyl şowlulygyň we abadançylygyň ýyly bolar. Magtymguly Pyragynyň arzuwlary täze röwüşde hasyl bolar, Beýik şahyryň şan-şöhraty dünýä ýüzünde belende göteriler.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby ýagty ýol görkeziji şamçyrag bolup, türkmen ýaşlaryny täze üstünliklere ruhlandyrar.
Elbetde, röwşen geljegiň täze ýylynda saýlaw ulgamynda hem oňyn tejribeler toplanylar we netijeli ösüşler gazanylar.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ägirt uly işleri bitirýän, ählumumy parahatçylyk döredijilik işinde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ajaýyp şygarly ýylymyz ählimize bagt, şatlyk, üstünlik we saglyk eçilsin! Täze 2024-nji ýylyň her bir güni rowaçlyklara beslensin!
Enejan Rustemowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.