TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde asuda we agzybir türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin zerur şertler döredilendir.

Aslynda-ha, ynsan ömrüniň iň arzyly menzili ýaşlyk ýyllarydyr. Ýaşlyk — ömrüň bahary. Ol baharda ýagan öýlänçi ýaly şaglap gelýär. Ýaşlygyň dyňzap duran hyjuwyna älem höweslenýär, uly kynçylyklar baş egýär. Çünki, ýaşlyk döwründe adam ukyp-başarnygyna görä bilim alyp, hünär öwrenip, özüniň durmuşdaky ornuny kesgitleýär. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, jemgyýet bilen köptaraply gatnaşygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly mümkinçilikler bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýen sözlerinden ylham alýan türkmen ýaşlary Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ruhy-ahlak ýörelgeleriniň nusgalyk dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Hut ýaşuly nesliň akyl-paýhasyna we öwüt-ündewlerine eýerýän ýaşlar ýurdumyzyň durnukly ösüşi, beýik geljegi bilen bagly bolan her bir işe uly jogapkärçilik bilen çemeleşýärler. Yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara barha ynamly çykýarlar.

Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan bagtyýar ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.

Ynha, ýaňy-ýakynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde, hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy ählimizi begendirdi we uly seslenmä eýe boldy.

Häzirki günlerde hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgady bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Munuň özi bu kitabyň örän wajyp ähmiýete eýedigini görkezýär. Halk arasyndaky «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýen many-mazmunly jümle ýöne ýere dörän däldir.

Adyndan belli bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly kitabynda bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanýan köpugurly üstünliklerinden, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini mundan beýläk hem dowam etdirmek ugrunda alnyp barylýan işlere goşýan mynasyp goşantlaryndan söhbet açylýar. Ýeri gelende aýtsak,  kitabyň baý many-mazmun we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen, 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň giňişleýin beýan edilişi  hem aýratyn bellärliklidir.

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler, zerur şertler yzygiderli döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň öňüsyrasynda okyjylara gowuşmagy ýaşlaryň ýylyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Baý many-mazmunly, ýokary çeperçilik bilen ýazylan bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.

Häzirki döwrüň hakykatyna esaslanýan bu kitap nesilleriň watançylyk terbiýesi jähetden-de möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, eýýäm daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy ýurtlaryň wekilleriniň hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny öz dillerine terjime etmeklige gyzyklanma bildirýändikleri has hem buýsandyrýar. Olar bu ajaýyp eseri öz ýurtlarynda ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemek işlerinde peýdalanmagy göz öňünde tutýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň ilkinji sanynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde berilmegi tolgundyryjy pursatdyr. Jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji hasaplanylýan ýaşlaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan ýeňişleriniň aýdyň beýanyna öwrülen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada eýlenen ajaýyp kitabynyň dowamy dowam bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby  ýagty ýol görkeziji şamçyrag bolup, geljekde türkmen ýaşlaryny täze üstünliklere ruhlandyrar.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.