TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar.

Goýny bagy-bossanly, asuda asmanly demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bagtyýar ýaşlarymyzyň üstünlikleri gülleýär, abraý-mertebesi halkara derejesinde belende göterilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy, tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, täze ýylymyza berk ynam, beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi. Geçen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda durmuşa geçirilen giň möçberli syýasy, taryhy ähmiýete eýe bolan işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýurdyň gelejegini ýaşlarda görýärin» diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Döwletli Diýarymyzda ýaşlaryň işiniň derejesi barha ýokarlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, Watanymyzyň abraýyny Arşa galdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça  zerur bolan işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ähli taraplaýyn goldawlar berilýär. Eşretli zamanamyzda bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda bolup geçýän beýik özgertmeler ömrümizi bezeýän iň ýakymly pursatlar hökmünde hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Munuň şeýledigine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu akylly şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi-de döwletli döwranymyzyň iň buýsançly wakasy hökmünde ýaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrdy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere  beslenýän eziz Diýarymyzyň ýaş nesilleri üçin ýatdan çykmajak sowgat boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň waspy beýan edilýär. Bu kitap  baý many-mazmuny, bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti bilen gymmatlydyr, onda türkmen ýaşlarynyň geçen 2023-nji ýylda, ýagny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlen ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikler beýan edilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan  döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň hem ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has-da artdyrýar.  

Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabyň başynda «Watana söýgi – halka söýgi. Bu ýöne bir döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär»  diýip belleýär. Bu bolsa Watana, halka bolan söýgini ýene bir gezek kalbyňa guýýar. Şeýle-de, «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek»  atly bölümlerinde ýurdumyzyň geljegi, ähli babatlarda garaşylmaly üstünliklerimiz üçin esasan hem ýaşlara uly ynam bildirilýändigi bellenilýär.

Aslynda, bu kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, diňe bir ösüp gelýän ýaşlar üçin ýan kitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly usulyýet çeşmesine öwrüljekdigine berk ynanýarys.  Häzirki günlerde Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy diňe bir ýurdumyzda geçirilmän eýsem, daşary ýurtlarda hem giň gerim bilen dowam edýär.

Her bir ýurduň geljegi onuň ylymly-bilimli ýaş nesli bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bilim ulgamyny sanly döwrebap tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Internet ulgamyna berkidilen torlar arkaly dünýäniň ähli künjeklerinden gerekli ylmy maglumatlary almaga mümkinçilikler bar. Bu torlar talyplaryň, mugallymlaryň gerekli maglumatlary öwrenmeklerine, özleşdirmeklerine we dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklaryna giň şert döredýär.

Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşyny watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli bagtyýar ýaşlarymyzda görýär. Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde orta mekdeplerimiziň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär. Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň we dünýäniň ösen döwletleriniň halkara ülňülerine laýyk bilim berýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim almana bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna, saýlan hünärleriniň eýesi bolmaklaryna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli jöwher zehininden dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan dürdäne eserleriniň dowamaty bolup, ýagty ýol görkeziji şamçyrag deýin türkmen halkyny, şol sanda ýaşlarymyzy watansöýüjilige, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Türkmen ýaşlaryna okamaga, döretmegä, erkin döredijilik bilen meşgullanmana giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

Täşli Täşliýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijisi.