TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARY GEÇIRMEGIŇ ÝÖRELGELERI

Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini milli ýörelgelerimize we halkara kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, bilen bagly netijeli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlar biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda dabaralanýan sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän möhüm syýasy çäredir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem halkara kadalaryna esaslanýan saýlawlarymyzyň nusgalyk derejede geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Indi, bolsa, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 3-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlary geçirmegiň esasy ýörelgeleri barada durup geçeliň!

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň  deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumydyr. Saýlawlaryň ählumumylyk ýörelgesi, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň hemmesiniň saýlawlarda ses berip bilýändigini kepillendirýär

Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga gatnaşmaga hukugy bardyr. Munuň özi, saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli (saýlawlar güni hem) on sekiz ýaşy dolan we saýlaw hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermäge bolan hukugyny kepillendirýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, olaryň saýlamaga gatnaşmaga hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär. Bu kesgitlenilen düzgünler Türkmenistanyň saýlaw hukukly islendik raýatynyň saýlawlara gatnaşmak mümkinçiliginiň hökmany üpjün edilmelidigini kepillendirýär.

Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar.

Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 92-nji maddasy, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary bilen kesgitlenilendir.

Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň bir sesi bardyr. Şeýle-de, saýlaw okruglarynyň saýlawçy sany ortaça deň bolmalydyr.

Munuň özi saýlawlarda saýlawçynyň diňe bir saýlaw uçastogynda bir býulleten alyp, haýsy-da bolsa diňe bir dalaşgäriň tarapyna ses berip bilýändigini aňladýar. Ýöne üç ýa-da dört wekilçilikli edaralaryň saýlawlary bir günde geçirilende, her bir saýlawçy diňe bir saýlaw uçastogynda üç ýa-da dört býulleten alyp, her saýlawlar boýunça aýratynlykda çap edilen saýlaw býulletenindäki haýsy-da bolsa diňe bir dalaşgäriň tarapyna ses berip bilýär. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny muňa mysal edip görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary göni saýlawlardyr, olar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar. Göni saýlawlar, munuň özi, her bir saýlawçynyň saýlaw uçastogyna gelip, saýlaw býulleteni bilen, gönüden-göni öz saýlan dalaşgäriniň tarapyna hut özüniň ses bermegidir.

Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara gatnaşmagy erkin we meýletindir. Erkin we meýletin saýlaw hukugy raýatlaryň we beýleki saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň kimligine garamazdan, olara täsir etmegi,  haýbat atmagy gadagan edýär. Hiç kim saýlawçyny haýsy-da bolsa kesgitli dalaşgäriň tarapyna ýa-da garşysyna ses bermäge, saýlawlara gatnaşmaga ýa-da gatnaşmazlyga mejbur edip bilmeýär. Saýlawça daşarky täsirlerden howatyr etmän, öz saýlaw hukugyny amala aşyrmaga mümkinçilikler üpjün edilýär.

Saýlawlarda ses bermek gizlindir. Gizlin saýlaw hukugy esasynda, saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine, ýagny kabinanyň içinde ses berşine  gözegçilik etmäge ýol berilmeýär. Şol saýlawçynyň kimiň tarapyna ses berendigi barada soralmaýar we maglumat ýaýradylmaýar.

Şeýlelikde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde geçirilýän saýlawlarda saýlawçylaryň hukuk kepillikleri milli kanunlarymyza we halkara kadalaryna laýyklykda üpjün edilýär. Abraýly halkara guramalaryndan gelýän synçylar toparlarynyň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara ýokary baha bermekleri munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Pursatdan peýdalanyp, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.