TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GELJEGIMIZ ÝAŞLAR BILENDIR!

Asuda, parahat, eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz il-ýurt bähbitli, giň gerimli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýan milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň abadan we eşretli durmuşy, ata Watanymyzyň durnukly ösüşi üpjün edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen mukaddes şygary, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän bu bagtyýar günlerimizde geçirilýän, halkymyzy buýsanja besleýän joşgunly çäreler merdana halkymyzyň eziz Watanymyza, Gahryman Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz söýgüsiniň, beýik buýsanjynyň ajaýyp beýany bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny rowaçlandyrýan döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Gahryman Prezidentimiziň kämil, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde öňe sürýän döredijilikli teklipleri halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gülläp ösüşi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň ygtybarly esaslarynyň bardygyny tutuş dünýä ýüzüne aýan etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bagtyýar ýaşlarymyz üçin ösüşiň we kämilligiň täze mümkinçiliklerini açýar.

Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegini gazanmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuna ýugrulan durmuş ýörelgelerini, asylly milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň özenini düzýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi türkmen ýaşlarynyň halkara derejede ornunyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. «Ýaşlar şäheri» diýlip yglan edilen Arkadag şäheriniň açylmagy, ýurdumyzda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň durmuşynda  ýatdan çykmajak şatlykly wakalara öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen dürdäne sözleri ýüzlerimize bagtyýarlyk çaýyp, göwün guşumyzy ganatlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan, jöwher zehininden çykan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyza sowgat bermegi we bu kitabyň ýaşlara, olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlanmagy ýaşlaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Ýaşlarymyzyň bagtly durmuş pursatlaryny görkezýän ýokary hilli fotosuratlar bilen bezelen kitapda şeýle diýilýär: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir». Kitabyň başyndan ahyryna çenli ýaşlaryň watansöýüjiligi, edep-terbiýesi, zähmetsöýerligi, ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän ynsanlar bolup ýetişmelidigi nygtalýar. Çünki Ýaşlyk — ömrüň bahary. Ýaşlyk — ruhubelentligiň, gujur-gaýratyň gözbaşy. Döwlet Baştutanymyz bu gymmatly kitabyň üsti bilen, ýaş nesillere halka, Watana hyzmat etmegiň belent nusgasyny, jemgyýetde şahsyýet bolup ýetişmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda geçen 2023-nji ýylda syýasy we ykdysady ugurlarda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerini beýan edip ýazan bu ilkinji eseri çuňňur many-mazmuna eýe bolmak bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlarymyzyň ruhy ýörelgesine öwrüler. Şonuň bilen bir wagtda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eser ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan beýik işlere öz goşantlaryny goşýan ýaşlarymyz üçin uly gollanma bolar.

Türkmen   halky  uzak  taryhy  döwürlerden  bäri  nesilleriň  beden  we  ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-terbiýä we zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Paýhasly ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, nesillerden nesillere geçirip gelipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Gahryman Prezidentimiziň döredijilikli, ynsanperwer başlangyçlarynyň netijesinde köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan agzybirligimiziň, maşgala we terbiýe mekdebiniň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Gadymy döwürlerden gözbaş alýan ajaýyp milli ýörelgelerimizi giňden dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ýaşlaryň esasy maksady bolmalydyr. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň okamak, öwrenmek, dünýä derejesinde kämil bilimli we hünärli bolmak baradaky:

Dünýe görmän tümgün galsaň bir künçde,
Badypaý deý ýer ýüzüne ýeldim tut.
Çyn-Maçynda, Rumda, Hindde, Hebeşde,
Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut – diýen dürdäne setirleri hem bize gymmatly öwüt-ündewdir.

Elbetde, biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda saýlawlar hem demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy guralydyr hem-de  jemgyýetiň saýlaw hukukly raýatlarynyň ählisiniň saýlamak we saýlanmak hukuklaryny kepillendirýän ählumumy çäredir. Döwletimizde amala aşyrylýan beýleki syýasy işler bilen birlikde, ýaşlaryň möhüm syýasy çäre bolan saýlawlara-da işjeň gatnaşýandyklary aýratyn bellärlikli buýsançly wakadyr.

Çünki, biziň geljekki ösüşlerimiz ýurdumyzyň dowamy bolan şu günki ýaşlarymyzyň bilimine, iş başarjaňlygyna, zähmetsöýerligine, watansöýüjiligine bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjidir, mukaddes Watanymyzyň, halkymyzyň belent maksatlary nazarlaýan nurana geljegidir.

Ýaşlara uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Ýazmyrat Baýramdurdyýew,
Türkmenistanda  Saýlawlary  we  sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň  edarasynyň  Lebap welaýaty boýunça  iş  ýöredijisi.