TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GELJEGI NAZARLAÝAN ÖSÜŞ-ÖZGERIŞLERE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar. Geçilen menzillere ser salyp, öňde durýan belent wezipeleri kesgitläp, bedew batly ösüşlere ýetmek indi ata Watanymyzda mynasyp ýörelgä öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlisiň esasy meselesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe wajyp wezipelere seredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Gahryman Arkadagymyz taryhy mejlisde eden çuň manyly çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň anyk ýollarynyň hem-de wezipeleriniň kesgitlenendigini, her bir tutumly işleri halk bilen bilelikde amala aşyrmagyň pederlerimizden gelýän milli ýolumyzdygyny belledi. Halka daýanyp, halkyň bähbidine amala aşyrylýan döwletli tutumlar bolsa hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesinden ugur alýar.

Maksatnamanyň esasy aýratynlyklary barada durup geçmek bilen, Milli Liderimiz onuň durmuş häsiýetli maksatlarynda ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek wezipeleriniň kesgitlenilendigini belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şeýle-de, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede geçiriljekdigi barada nygtady. Gahryman Arkadagymyz öz ýazan goşgusyny beýan etmek bilen, Magtymguly Pyraga goýulýan beýik sarpanyň uludygyny, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini belende göteren nusgawy şahyrdygyny belläp geçdi.

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Şonda, ýurdumyzda             7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Bu sanlar bolsa, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz demografik ösüşiň ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edilendigini belledi. Elbetde, bu guwandyryjy ösüşler biziň Garaşsyz döwlet hökmünde gazanan üstünliklerimiziň miwesi bolup, ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik-jebislik ýörelgeleri bu ösüşleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynyň her bir gününde durmuşa geçirilýän döwrebap işler halkymyzyň agzybirliginden, döwletliliginden, jebisliginden nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde, «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýen nakyl biygtyýar hakydaňda janlanýar. Halkymyz ähli zadyň sakasyny saglyk, üstünlikleriň açaryny bolsa agzybirlik hasaplaýar. Şu nukdaýnazardan, agzybirlikde ýetilen belent sepgitleriň, ösüşleriň netijeleri milli ykdysady-ýetimiziň ähli pudaklaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da  jemgyýetiň özboluşly aýnasy bolan, demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy guraly bolan saýlawlarda hem ilat sanynyň artmagy saýlaw hukukly ýaş saýlawçylaryň köpelmegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýyldan bäri  ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň we Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlaw hukukly raýatlaryň gatnaşygyna ser salanymyzda has aýdyň görünýär:

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlawçylaryň  sanawyna goşulan 2.677.589 saýlawçydan 2.641.525-si ses bermäge gatnaşyp,  98,65% gatnaşyk boldy.

2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň  sanawyna goşulan 2.763.993 saýlawçydan 2.594.658-si ses bermäge gatnaşyp,  93,87% gatnaşyk boldy.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna goşulan 2.987.324 saýlawçydan 2.888.887-si ses bermäge gatnaşyp,  96,70% gatnaşyk boldy.

2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň  sanawyna goşulan 3.063. 287 saýlawçydan 2.797.637-si ses bermäge gatnaşyp,  91,33% gatnaşyk boldy.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna goşulan 3.252.243 saýlawçydan 3.163.692-si ses bermäge gatnaşyp,  97,28 % gatnaşyk boldy.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna goşulan 3.291.525 saýlawçydan 3.019.957-si ses bermäge gatnaşyp,  91,75% gatnaşyk boldy.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna goşulan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses bermäge gatnaşyp,  97,17 % gatnaşyk boldy.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna goşulan 3.496.368 saýlawçydan 3.185.935-si ses bermäge gatnaşyp,  91,12% gatnaşyk boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly, ynsanperwer we demokratik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik esaslary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkidilýär. Halk häkimiýetini pugtalandyrmaga ýardam edýän jemgyýetiň syýasy ulgamy barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär.

Umuman aýdanymyzda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky aýratyn möhüm wakalaryň birine öwrülen bu taryhy ähmiýetli mejlis beýik işlere çakylyk, geljekki şanly ýeňişlere badalga bolup kalbymyza ornady. Şol wezipeleriň durmuşa geçirilmegini gazanmak bolsa ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Ýurdumyzyň agzybir halkyny beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça  merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.