TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BAGY BARYŇ SAÝASY-DA BAR, MIWESI-DE!

Bag - dünýäniň bezegi. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip kesgitlenilýär.

Halkymyzyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusyndaky:

– Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň –

diýen dürdäne setirlerinden hem belli bolşy ýaly, güneşli Diýarymyzyň täsin we mährem tebigy gözelligi bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen mukaddes şygaryna berk eýerip, tebigatymyzyň şol gözelligini gorap saklamak bolsa, biziň her birimiz üçin parzdyr. Elbetde, bu barada Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda hem «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip beýan edilýär.

Şu ýylyň 1-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda her ýyl özboluşly ekologik çäre bolan ählihalk bag ekmek dabarasyny 2024-nji ýylyň 16-njy martynda geçirmek bellenildi. Nesip bolsa, ol gün döredijilikli zähmete, arassa yhlasa hem mizemez agzybirlige buýsanjyň egsilmeýän şatlygyna öwrüler.

Ynsan tebigata näçe ýakyn boldugyça onuň ruhy dünýäsem şonça giň, şonça alaýaz, şonça-da şadyýan bolýar. Türkmen tebigaty öz  ýylysyny, tylla Günüň mährem çoguny, Zemine don bolup ýazylan dermanlyk ösümlikleriň melhem ysyny süňňümize, ruhymyza siňdirýär. Çünki, tebigat ylahy gözellikdir, gudratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl ýolbaşçylygy netijesinde ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça birnäçe özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ekologik, tebigy şertleriň gowulanmagy bolsa, ynsan saglygynyň has-da berkemeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-parsada ýugrulan syýasaty bilen, ýurdumyz ekologiýa babatda daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu ugurda ýurdumyz halkara derejesinde geçirilýän sergilerdir halkara ylmy maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyp gelýär.

Gözel tebigatymyzy, ösümlik, haýwanat dünýäsini aýawly gorap saklamak endiklerini ýaş nesliň aňynda ösdürmek, abat tebigaty miras goýmak üçin biziň ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Ýaşlarda gözel tebigatyň ähli eçilen baýlyklaryna aýawly seredip, olardan ýerlikli, akylly- başly peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmek baş wezipedir.

Tebigat - bu biziň öýümizdir. Daş-töweregimizi gurşap alan bir bütewilikdir. Ol berk baglanyşykda bolan, hiç wagt biri-birinden aýrylmajak jandarlaryň, hadysalaryň toplumydyr. Ynsanýetem şol tebigatyň bir bölegidir.

Tebigaty rejeli peýdalanmak we goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Bu işleriň gözbaşy bolsa adam hakdaky aladanyň, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň iş ýüzünde amal edilmegi bolup durýar.

Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň tebigata bolan söýgüsi barada biz kitap gatlaryndan okaýarys, telegepleşikleriň üsti bilen bilýäris. Ýöne, mähriban pederlerimiziň, eziz enelerimiziň türkmen tebigatyna goýýan sylag-sarpasyna welin biz törümizi bezeýän türkmen halysyna bakanymyzda hem, türkmen topragynda biten gawundyr garpyza, almadyr nar ýaly nygmatlara seredenimizde hem magat göz ýetirýäris.

Atalarymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapyp, biziň günlerimize gelip ýeten «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleler halkyň öz durmuşynyň içinden syzylyp çykan hakykatdan gözbaş alýar. Dogrudan-da, bagyň bolsa, saýa-da bolýar, miwäň-de. «Kesewini gögerdip bilýän» keremli türkmen topragynda islän daragtyň, islän ekiniň kök urup, miwe getirip, bol hasyl eçilýändigine ak bazarlarymyzyň tekjelerini doldurup, gözüňi dokundyryp duran ir-iýmiş, bakja we gök ekin önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Milli Liderimiziň׃ «Türkmenistanyň her bir raýaty daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamagy özüniň mukaddes borjy hasaplamalydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, arassa saklamak işleri giň gerim alýar. Tebigatyň ylahy gözelligini gorap saklamak parz işleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, Garaşsyz ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna we röwşen geljegini kepillendirýän dowamly üstünliklere saldamly goşant goşmak türkmen topragynyň sap arassa howasyndan dem alýan raýatlaryň mukaddes borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerini beýan edip ýazan ilkinji kitaby bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri hem ýurdumyzyň ýaşlaryny tebigaty goramak babatynda amala aşyrylýan işlere öz goşantlaryny goşmaga  ruhlandyrar.

Şeýlelikde, mukaddes ata Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýagny şu ýylyň 16-njy martynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasy halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we abraý-mertebesiniň nobatdaky dabaralanmasy bolar.

Bag ekmek ýaly sogaply, daşky gurşawy, tebigatyň täsinliklerini goramak ýaly parz işlere badalga berýän, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we röwşen geljegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt, tutuş adamzat bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.