TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

NOWRUZ GELDI ÜLKÄME!

Halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrýar. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdymdyr tanslar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezýär.

Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu baýram iň ähmiýetli we möhüm baýramlaryň biridir. Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek bagy-bossanlyga öwrülýär. Nowruz türkmen halkynyň, galyberse-de bütin gündogar halklarynyň gadymdan gelýän baýramydyr.

Aslynda Nowruz sözüniň manysy «Now»- täze, «ruz» - gün manylaryny berip, bu bolsa täze ýylyň täze güni diýmekdir. Bu baýram tebigatyň janlanyp, Zeminiň görke gelen pursady bellenilýär. Nowruz baýramy diýarymyzda uludan bellenilýär. Nowruz türkmeniň atalar sözlerinde, nakyllarynda, yrymlarynda, aýdymlarynda hem öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda Nowruz baýramynda birnäçe süýjülikler taýýarlanyp, toý saçagy giňden ýazylýar.

Pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bu baýramçylyga gatnaşýan döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmen halky toý-dabaralarda at çapyşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. Atly ýigitleriň çalasyn hereketleri ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär, göwünleri galkyndyrýar.

Bu baýramçylykda türkmen halkynyň gadymdan gelýän halk senetçilik däpleri görkezilýär. Ak öýleriň ýanynda ajaýyp el işlerini döredýän zenanlary we meşhur artistleri görmek bolýar. Halylaryň, dokma önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi edebi-sazly çykyş bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ýaşlaryň milli oýunlary has-da gyzgalaňly geçýär, çykyşlary halkda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Bu baýram adamlara şatlyk eçilýär we gözelligi, hoşniýetliligi, dost-doganlyga, agzybirlige bolan çagyryşy, ruhubelentligi özünde jemleýär.

Bu baýramy alamatlandyrýan hiňňildiklerde bat alýan ýaşlaryň şatlykly sesleri baýramçylyga aýratyn şatlyk eçilýär hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerini beýan edip ýazan ilkinji kitaby bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň  dabaralanmasy bolup, olary has-da ruhlandyrar.

Häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolan bu sene halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny berkidýär.

BMG-niň Nowruzy Halkara baýramy diýip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi, şeýle-de Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi Milli bahar baýramynyň halkara derejesinde uly ähmiýete eýedigini äşgär edýär.

Magtymguly atamyz hem «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýmek bilen, tebigaty janlandyrýan Nowruzy öz dürdäne setirlerinde taryplaýar. Nowruzda adamlar öýke-kinelerini unudýarlar, parahatçylykly we ylalaşykly ýaşamak üçin bir supranyň başyna ýygnanyp, birek-birege sowgat berýärler. 

Şeýlelikde, mukaddes ata Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýagny şu ýylyň 21-22-nji martynda bellenilip geçiriljek Milli bahar baýramy halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we abraý-mertebesiniň nobatdaky dabaralanmasy bolar.

Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Ogulmaral Rejepowa,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.