TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

WATANYMYZYŇ GELJEGI ÝAŞLAR

Ösüşleriň ynamly ýoly bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada ileri tutulyp, olaryň okamagy, zähmet çekmegi üçin amatly şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlarymyz hem bu alada, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşantlaryny goşmak bilen jogap berýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýaşlar, olaryň gazanýan üstünlikleri we geljekdäki wezipeleri barada bolmagy belent maksatlara ýetmekde, ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirilýändigini, aýratyn bil baglanylýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, belläp geçmegi munuň şeýledigini açyk-aýdyň subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda türkmen halkynyň taryhy, häzirki güni we geljegi bilen baglanyşykly pikirlerini, ýurduň Prezidenti wezipesindäki ilkinji günlerinden başlap, öz gündeliginde bellik edýändigini aýdýar. Şunuň bilen baglylykda, okyjylar bilen öz pikirlerini paýlaşmak üçin bu kitaby ýazmak kararyna gelendigini belleýär. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň halkymyza, aýratyn-da, ýaşlarymyza ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Gymmatly eserde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esaslary barada aýratyn gürrüň edilýär. Şeýle-de, kitapda «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Çünki, adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri türkmen ýaşlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmeginde örän uly ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabyň başynda «Watana söýgi – halka söýgi. Bu ýöne bir döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär»   diýip belleýär. Bu bolsa Watana, halka bolan söýgini ýene bir gezek kalbyňa guýýar. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir.

Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa, kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata, mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär.

Taryhda ykrar edilen bir hakykat bar: kitap — iň gowy sowgat. Dünýäniň hiç bir altyn-kümşi, lagly-merjeni kitap bilen deňleşip bilmeýär. Gowy kitaplaryň belli bahasy ýokdur. Şonuň ýaly kitaplary hut döwlet Baştutanynyň ýazmagy, döretmegi bolsa zeruryýetlikdir, onuň jemgyýetçilik ähmiýeti örän uludyr. Aslynda-ha, kitaphon türkmen halky kitaba mukaddeslik hökmünde hormat goýýar. Çünki, kitap bakylyk bilen baglanyşykly bolup, ençeme müň ýyl, asyrlar geçse-de  kitap ýaşaýşyny, ömrüni dowam edýär. Kitap asyrlar bilen asyrlary, nesiller bilen nesilleri, halklar bilen halklary birleşdirýän, dostlaşdyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan şeýle gymmatly eseri ýazmagy ýaş nesilleriň jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýändigini görkezýär. Çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý bolan ajaýyp eseri ýaşlar üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu ajaýyp eser ýaşlaryň, halkymyzyň döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan beýik ynamyny has-da berkidýär.

Bilşimiz ýaly, Diýarymyzda ýaşlaryň ähli ugurlarda zehinini, döredijiligini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, ýaş nesliň aň-bilim, ruhy-ahlak we medeni ösüşi üçin döwrebap şertler döredilýär hem-de olaryň bähbitlerini, hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny üpjün etdi. Eserde Watan mukaddesligi, ezizligi,  beýik ösüşler, bagtly geljek, türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, milli mirasymyz baradaky gymmatly pikirler hem giňden şöhlelenýär. Bu kitapda beýan edilýän pikir-garaýyşlar beýik işlere çakylyk bolup ýaňlanýar hem-de ýeňişlere, üstünliklere beslenen ýollary salgy berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydygy baradaky öwüt-ündewleri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ata-babalarymyz «Döwletliniň çagasy ýaşlygyndan baş bolar, bidöwletiň çagasy ýaşadykça ýaş bolar» diýip aýdypdyrlar. Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlarymyz türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýerip, uly üstünlikler gazanyp, biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda we halkara derejesinde uly sylag-hormata eýe bolýarlar.

«Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir» diýip, Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine alyp gitmek üçin ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

  

Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.