TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GADYMY HEM MÜDIMI ÄNEWIŇ BUÝSANÇLY SÖHBEDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary goşa-goşadan gelýän ýurdumyzda şanly wakalar, hoş habarlar göwünlere ganat baglap, uly ruhubelentlik döredýär. «Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. Bilşimiz ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada habar bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän günlerinde, şeýle-de, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda dabaralara badalga berilmeginiň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bagtyýar ildeşlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Çünki, okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleri, medeni we ruhy däpleri giňişleýin açylyp görkezilýär. Bu kitabyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda elimize gowuşmagy biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Mejlisiň barşynda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belledi hem-de Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlarynyň täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berendigini belledi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklaryna uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki neslimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly täze kitaby şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, bu kitap her birimizi ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsandyryp, belent maksatly tutumlara galkyndyrýar.  

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üç dilde neşir edilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň daşynda Änew medeniýetine degişli bolan Seýit Jemaleddin taryhy ýadygärliginiň şekiliniň dürli reňkler arkaly şöhlelendirilmegi hem ata-babalarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine mynasyp goşant goşandygynyň aýdyň hakykatydyr. Bu ajaýyp kitap, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplary we «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheo-logik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümleri öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň geçmişden geljege ýaň salýan, halkymyzyň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä medeniýetindäki ornuny açyp görkezýän, milli däp-dessurlarymyzy, asylly ýörelgelerimizi, medeniýetimizi hem-de sungatymyzy jahanyň halklaryna ýaýýan bu täze kitabynda beýan edilýän Änew medeniýetiniň taryhy baradaky gyzyldan gymmatly maglumatlaryň her biri ylmy taýdan has çuň öwrenilmäge mynasypdyr. Bu kitapda halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly sogaply hem-de ynsanperwer ýörelgeleriniň, ylym-bilim babatdaky asylly işleriniň many-mazmuny açylyp görkezilýär. Aslynda-ha, türkmen halky kitaba mukaddeslik hökmünde hormat goýýar. Çünki, kitap bakylyk bilen baglanyşykly bolup, ençeme müň ýyl, asyrlar geçse-de,  öz  ýaşaýşyny, ömrüni dowam edýär. Kitap asyrlar bilen asyrlary, nesiller bilen nesilleri, halklar bilen halklary birleşdirýän, dostlaşdyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Sözümizi jemläp aýtsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseri halkymyzyň taryhy geçmişine, milli mirasymyza, eziz Diýarymyza, il-günümize belent söýgüsiniň nyşanydyr. Gadymy Änew topragy bu günki gün bütin türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde diňe bir şöhratly geçmişi bilen däl, eýsem, täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitleri, ösüş-özgerişleri bilen hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň şeýle taryhy maglumatlara baý bolan «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň gadymy Änew topragyny, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde uly gollanma boljakdygyna çyn ýürekden ynanýarys.

Geçmiş taryhymyza çuňňur sarpa goýup, halkymyzy nurana geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, gymmatly eserleriniň höwri köp bolsun! 

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.