Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolup, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, her bir raýatyň abadan we döredijilikli durmuşy baradaky alada demokratik ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mukaddes ata Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini giň gerimde ösdürmäge aýratyn ünsüň berilmegi, biziň jemgyýetçilik durmuşymyz üçin guwandyryjy mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün edýär.
Bu babatda, adamlaryň saglygynyň berkidilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar, şäherlerde we obalarda degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Şu nukdaýnazardan, asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni eziz Diýarymyzda her ýyl döwlet derejesinde uly dabaralara beslenip, ruhubelentlikde we agzybirlikde giňden bellenilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni-köpçülikleýin maksatly geçiriljek çäreler barada hasabat berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä, Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped binasynyň» ýanyndan badalga berler. Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar.
Şeýle-de şol gün paýtagtymyzda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda, halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy hem geçiriler. Şeýle hem, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, «akylly» Arkadag şäherinde, aprel aýynyň 1-7-nji günleri aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda-da ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar.
Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Sport çäreleri adamlaryň jebisleşmegine, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine, sport gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýöriş çäresi halkymyz tarapyndan we halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýar.
Welosiped adam üçin ulagyň ekologik görnüşi bolmak bilen birlikde, bedeni sagdyn ýagdaýda saklamak üçin hem köpugurly trenažýordyr. Ony sürüp barýan mahalyňda myşsalaryň dürli toparlary hereket edýär. Bu bolsa tutuş bedeniňi kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler maddalaryň çalşygynyň tizleşmegine, gan aýlanyşygynyň gowulanmagyna, bedeniň umumy çydamlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şeýle hem welosipedi ýylyň islendik döwründe açyk howada yzygiderli sürmek artykmaç kaloriýadan halas bolmaga, gan basyşyny durnuklylaşdyrmaga, sussupesligi aýyrmaga, umuman, kesele garşy durnuklylygy berkitmäge kömek edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, olaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berip, dünýäde mizemez ynsanperwer gymmatlyklary berkarar etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşandyny goşýar.
Asuda, parahat ülkämizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gözel paýtagtymyzyň «Welosiped binasynyň» ýanyndan hem-de Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň gözýetiminden badalga aljak halkara çäresi beýik şahyryň arzuwlan zamanasynyň, biziň Garaşsyz döwletimiziň durnuklylygynyň, kämil jemgyýetimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň we ruhubelentliginiň dabaralanmasy bolar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt, halk bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan ähli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.