TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BELENT YNAMA YGRARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Asuda, eşretli durmuşda agzybir ýaşaýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň her güni şanly wakalara, täze zähmet üstünliklerine beslenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzyň geljegini gurujylar hasaplanýan ýaşlaryň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly wakalaryň şaýady bolduk.

Hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Bilişimiz ýaly, bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylara uly sowgat boldy.

Asla, hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi ulus-ilimizi begendirdi. Agzybir halkymyzyň ruhy dünýäsini deňsiz-taýsyz buýsanja beslän bu kitap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti döredijilikli zehininden, ylhamly galamyndan kemal tapan ilkinji kitap bolmak bilen, kitabyň ýaşlara bagyşlanmagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Bu ajaýyp eserde ýaşlara bildirýän ruhlandyryjy ynamy, olaryň ähli ulgamlardyr pudaklarda gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy çeperçilik bilen beýan edilip, kalplary buýsançly duýgulara besleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň ählimiz üçin gymmatly ýol-ýörelge bolup, ýaşlara we olaryň geljekdäki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndaky «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr», «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýen parasatly sözleri ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Sebäbi, şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler.

Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de, olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, edep-ekram, asylly gylyk-häsiýetler hakda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize, nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip, Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary geljegi nazarlaýar. Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.

Şu buýsançly pursatlarda, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Häzirki türkmen jemgyýetinde ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitap möhüm orny eýeleýär» diýen parasatly jümleleri hakydaňda orun alýar. Türkmen halkynyň milli Lideriniň başlangyçlary bilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi-de döwletli döwranymyzyň iň buýsançly wakasy hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Şäheriň gurluşyk işlerinde ýaşlaryň teklipleriniň diňlenilmegi we olaryň ylmy taslama işleriniň bu akylly şäherde gurulýan edara-binalarda ornaşdyrylmagy ýaşlaryň zehinine, güýjüne aýratyn bil baglanylýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gazetiň, teleýaýlymyň we futbol toparynyň Arkadag şäherinde döredilmegi bilen bagtyýar ýaşlaryň Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri, şanly wakalary dünýä ýaýmagyna giň ýol açyldy.

Ýylyň şygaryndan gözbaş alýan bu özgertmeleriň ählisi zähmeti baýdak edinýän ýaş nesli belent maksatlara ýetmäge, röwşen geljegi gurmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe uly öwrülişikleri başdan geçirýän beýik ykbally türkmen ýaşlary mundan beýläk-de mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmäge, bütin dünýädäki abraý-mertebesini belende galdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanýan, Magtymguly Pyragy, Gorkut ata, Görogly beg ýaly beýik şahsyýetlerimiziň ýol-ýörelgelerine eýerýän türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ümzügi diňe ileri bolar.

 

Gülälek Gurbangulyýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Mary welaýaty boýunça iş ýöredijisi.