TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAHAWATLY AÝYŇ ORAZA BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär we geljegimiz bolan ýaş nesillerde ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly asylly duýgulary terbiýeleýär.

Tutuş yslam dünýäsinde aýratyn gadyr-gymmat bilen bellenilýän Oraza baýramy ýetip geldi. Gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän bu nurana baýram ýurdumyzda bellenilýän milli baýramlarymyzyň sanawyna girdi.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Oraza baýramy her ýyl baýram edilýär. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, bagtyýar halkymyz bu baýramy ählihalk dabarasy hökmünde täze öwüşgin bilen uly ruhubelentlikde, jebislikde garşylaýar.

Güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan çuňňur many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhly çäreler geçirilýär. Bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, dürli nygmatlar taýýarlanýar. Ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin alkyş-dilegler edilýär.

Oraza aýynyň mazmunyny we dessurlaryny her bir halk ýüzýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelýär. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Döwürleri we nesilleri aýrylmaz baglanyşdyrýan Oraza baýramynyň döredijilige, rowaçlyga, beýik üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralary ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygymyzy, milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar» diýip belleýär.

Şanly geçmişimiz we medeni-ruhy mirasymyz umumadamzat taryhynyň we medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda halkymyzyň döredijilik güýjüniň we medeni-ruhy kuwwatynyň mümkinçilikleri örän uludyr. Adamzadyň buýsanjyna öwrülen medeni we ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmekde dünýäniň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň tagallalary çäksizdir.

Bu aýa turuwbaşdan hoşniýetliligiň, ruhy päkizeligiň tapylgysyz pursady hökmünde garalýar. Sebäbi, halkymyz Oraza aýynyň başlanmagyna edil maşgala baýramlaryny, toý-tomaşasyny garşylaýyşlary ýaly, sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Ilimizde: «Aý dogupdyr diýdiler, aýlanypdyr diýdiler» diýlişi ýaly, täze dogan Aýyň ýüze sylynmagy bilen şatlyk-şowhun gapysyny açýar. Şadyýan çagajyklaryň topar-topar bolup, öýme-öý aýlanmagy, her bir ojaga baranlarynda ýaşuly nesilleriň öwredişi ýaly, ýagşy doga-dilegler içre ýaremezan aýtmaklary Orazanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu gazallaryň üsti bilen şol öýde ogul-gyzlarynyň köp bolmagy, rysgal-bereketleriniň artmagy, gulluga ýa-da uzak ýola giden perzentleriniň sag-aman gaýdyp gelmegi dileg edilýär. Şeýle alkyş sözleriniň öwredilmegi we aýdylmagy bilen çagalarda hem milli terbiýäniň özeni kemala gelýär.

Baý mirasymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak, olary aýap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ruhy-ahlak baýlyklarymyzy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirýän, millilige, ynsanperwerlige ýugrulan baýramlarymyzy has-da rowaçlandyrýan, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza tutuş türkmen ili alkyş sözlerini aýdýar.

Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy ynsanperwerligi, hoşniýetliligi hem-de ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent, aýdyň maksatly tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda  Saýlawlary  we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.