Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda uly üstünlikler, giň gerimli döwrebap özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli ýörelgeleriň pugtalandyrylmagy, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň, milli mirasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy ugrundaky döwlet syýasaty barha rowaçlanýar. Halkara jemgyýetçiliginde mukaddes ata Watanymyzyň milli medeniýetine, taryhyna bolan gyzyklanmalary has hem artýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny dünýä ýaýmak giňden ýola goýuldy. Türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragy türkmen halky üçin iň belent sarpa goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Türkmen halky parasatly şahyryň goşgularyny has düýpli öwrenmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere beslemekde olary ruhy ýörelge edinýär.
Ýyllar geçdigiçe Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň gadyr-gymmaty artyp, ynsan kalbyna nur çaýýar, şahyryň döwürleriň synagyndan geçip gelen baky juwan goşgulary halkymyzyň kalbynda we ruhunda ýaşaýar.
Türkmenistanyň teklibi esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda bellenilip geçilýän şanly seneleri tassyklamak boýunça kabul edilen kararnama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bu seneleriň sanawyna goşuldy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi Gündogary öwreniji alymlarda, dünýäniň nusgawy edebiýatyna hormat goýýan ähli halklarda-da uly gyzyklanma döredýär. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Magtymguly Pyragy başlangyç bilimi öz kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Ylaýta-da onuň «Wagzy-Azat» kitaby şahyryň öwüt-nesihat mazmunly goşgularyna gönezlik bolupdyr. Magtymguly Pyragy atasy Döwletmämmet Azadynyň maslahat bermegi bilen ilki Halaç etrabyndaky Idris baba medresesinde bilim alýar. Magtymguly Pyragy Merkezi Aziýanyň görnükli ylym ojaklary bolan Buharanyň Gögeldaş, Hywanyň Şirgazy medreselerinde okap, özüniň bu ýerde geçiren ajaýyp günlerini öz goşgularynda beýan edipdir. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň iň bilimli adamlarynyň biri bolupdyr. Ol dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat edipdir.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, pederlerimiziň arzuw-umytlaryndan bina bolan, Magtymgulynyň arzuwlan Berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere we köpugurly özgertmelere guwanyp ýaşamak türkmen halky üçin egsilmez bagtdyr. Magtymgulynyň edebi mirasy, pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary belent adamkärçiligiň, päkligiň, arassa ahlaklylygyň, watansöýüjiligiň ölçeg daşyna öwrülip, türkmen halkynyň durmuşynda dowamat dowam bolup ýaşar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy hem ýüreklerimize nur çaýýan we ylahy zehinli akyldar şahyrymyzyň derejesini belende göterýän gymmatly eserdir. Çünki, bu ajaýyp goşgy şu ýylyň şygarynyň waspnamasyna öwrülip, il-günümiziň Watana, Magtymguly Pyraga bolan söýgüsini has-da belende göterýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ruhubelentlikde bellenilip geçiljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy Watanymyzyň ruhy güýjüniň we halkymyzyň agzybirliginiň, beýik şahyryň öz döwründe eden arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy bolar.
Ýazmyrat Baýramdurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Lebap welaýaty boýunça iş ýöredijisi.