TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BEHIŞDI BEDEWLER – MILLI BUÝSANJYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapandyr. Elebetde, halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan we toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ahalteke atlarymyzyň nuranadan gözel görküni, kaddy-kamatyny ýakyndan synlamagyň buýsançly lezzeti hem bardyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda döwlet derejesinde, şatlyk-şowhun, uly dabara bilen giň­den bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara bilen giňden belleniler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, şu ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde däbe öwrülen ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohumynyň arassa saklanylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ornunyň diýseň uludygyny bellemelidiris.

Gahryman Arkadagymyz behişdi bedew atlarymyz barada şeýle belleýär: «Uly baýramlaryň, tomaşaly toýlaryň, mähelleli aýlawlaryň bezegi bolan, ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan, üsti şemally bedewlerimiz türkmeniň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr. Buýsançly başlaryny belent tutup, ynsanyň wepadar dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy bolan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär». Türkmen bedewine aýratyn söýgi we mähribanlyk bilen garaýan Milli Liderimiziň bu dürdäne sözleri bilen türkmeniň iň wepaly dostunyň waspy ýetirilýär.

Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, nesilbaşymyz Oguz han ogullaryna: «Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi — Watany, ikinjisi — ata-enäni, üçünjisi bolsa — aty» diýip wesýet edipdir. Bu mysal gamyşgulak bedewlerimize irki döwürlerden bäri belent sarpa goýlandygyny, türkmeniň bedewini iň gymmatly baýlyklarynyň hatarynda görýändigini aňladýar.

Ýelden ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çydamlylygy bilen dünýä belli bolan ahalteke bedewlerimiz şöhrat-şanymyzdyr. Türkmen bedewlerine merdana halkymyzyň goýýan gadyr-gymmaty diýseň belentdir. Eýýamlaryň hem ençeme asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ýyndam ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdir we bu ýörelge şu güne çenli gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar. Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsi nusgawy edebiýatymyzda, şahyrlarymyzyň goşgudyr şygyrlarynda, atalar sözüdir nakyllarda, milli äheňdäki eserlerde öz beýanyny tapýar. «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «Ir turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At — ýigidiň ýoldaşy» ýaly çuň many-mazmunly jümleler muny aýdyň äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy, belent sarpasy uly ösüşe eýe boldy. Gözelligi, ýyndamlygy we çydamlylygy bilen meşhur bolan ahalteke bedew­leri asyrlaryň geçmegi bilen, merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Ata-babalarymyzdan miras galan, tebigatyň taýsyz gözelligi bolan bedewlerimiziň sarpasy halkara derejesinde-de uludyr.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, gözellikde deňi-taýy bolmadyk, ajaýyp ahalteke behişdi bedewlerimize tutuş dünýä ýüzünde uly baha berilýär. Munuň şeýledigine, Türkmenistan döwletimiziň teklibi boýunça «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyz halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýar. Muňa mysal edip, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegini aýtmak bolar.

Hormatly Prezidentimiz bedewler baradaky aladany, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermek hem-de milli atşynaslyk däplerini häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyrmak ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Bedew yhlasly zähmetiň netijesidir. Onuň gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi egsilmez güýjüň, tejribäniň, zehiniň we bedewlere bolan söýginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky halal zähmetiň gadyryny bilýär. Ahalteke bedewleri bolsa yhlasly zähmetiň beren miwesidir. Bedewler toý-baýramlaryň şowhunyny has-da artdyrýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerime eýe bolýar.

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly toý tutulýar. Onuň esasy bezegi bolsa gyzykly geçýän at çapyşyklarydyr. At çapyşyklaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, täze öwüşgin bilen geçirilmegi örän gyzykly hem-de özüne çekiji tomaşalaryň biri bolup durýar. Münberlerde oturan adamlar, tele we fotožurnalistler at çapyşyklarynyň her bir pursadyny synlap, olary surata düşürýärler. At çapyşyklary aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdyrylyp, bagşylaryň hoş owazlary bolsa ganatly behişdi bedewleriň waspyny ýetirip, göwünleri joşdurýar.

Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli watandaşlarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.