TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ASUDALYGYŇ HEM BUÝSANJYŇ BEÝANY

Abraý-mertebesi gün saýyn artýan ata Watanymyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen bimöçber işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin, demokratik döwletimizde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Eziz Diýarymyzda agzybir halkymyzyň jebisligi netijesinde ýetilýän belent sepgitleriň özenini hem esasy Kanunymyza laýyklykda yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan il-ýurt bähbitli maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär.

Asuda asmanymyzda buýsanç bilen pasyrdaýan Watanymyzyň ýaşyl tugy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlar boýy edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de Bitaraplygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, merdana halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr. Hukuk nazaryýetinde «konstitusiýa» diýmek gadymy latyn dilinden gelip çykan halkara adalga bolup, durnukly gurluş düzümi, gurmak, döretmek ýaly manylary aňladýar. Ol ýurduň hukuk binýadyny emele getirýän, halkyň erk-islegini beýan edýän esasy hukuk resminamasy hökmünde ykrar edilýär. «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip, Esasy Kanunymyzda berkidilen. Döwlet nyşanlarymyz bolan Konstitusiýa we ýaşyl tugumyz döwletiň gözbaşynyň halkdygyny, iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny alamatlandyryp, olarda türkmeniň milli, medeni, ruhy gymmatlyklary jemlenýär. Şunuň bilen baglylykda, esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde guralýan dabaralar, baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Watan diňe halky bilen Watandyr!» «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar, halkymyzyň zähmet üstünlikleriniň, döwletimiziň syýasy durnuklylygynyň dabaralanmasy bolup, biziň şatlygymyzy goşalandyrýar.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi özygtyýarly, hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmek ýoluna düşen türkmen halkynyň iň täze taryhynda möhüm sepgidi alamatlandyrdy. Hut şonuň üçin hem bu sene türkmenleriň öz garaşsyz, azat döwleti, milletimiziň agzybirligi we jebisligi baradaky hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halky hemişe döwletli we il-ýurt bähbitli işleriň başyny tutjak bolanda, ulus-iline geňeş edip, maslahatlaşyp, ýaşuly nesle aýratyn hormat goýupdyr. Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek babatda ata-babalarymyzyň toplan baý taryhy tejribesine daýanylyp, halkyň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmek ugrunda ägirt uly işler, ynsanperwer hem adalat jemgyýetini gurmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Her bir döwletiň Konstitusiýasynyň ony kabul eden halkyň milli dünýä-garaýşyna esaslanýan özboluşly aýratynlyklary bardyr. Biziň Esasy Kanunymyzyň baş aýratynlygy onda ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilýändigidir. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolup durýar. Ýurdumyzda döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmekde, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmekde, abadan, durnukly ösüşi üpjün etmekde belent sepgitlere ýetildi. Ýetilen sepgitler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» we «Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýen belent adamkärçilikli kadalaryň durmuş hakykatyna öwrülmegi ugrunda edilen bimöçber işleriň netijeleridir.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, Konstitusiýa döwletiň hem raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr. Konstitusiýa jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny, borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny, onuň wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň Esasy Kanuny hasaplanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hukuk we halkara gatnaşyklarynyň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandygy sebäpli, döwletiň Esasy Kanunyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler, goşmaçalar girizildi. Ýurduň täze taryhy eýýamynda ösüşleriň berk hukuk binýady döredildi. Milli kanunçylyk ulgamynyň berkidilmeginde Esasy Kanun aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler arkaly ösüşleriň täze tapgyrlarynyň hukuk binýady kämil derejede berkidildi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iki gezek ykrar edilen bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Esasy Kanunymyzda beýan edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Konstitusiýamyzyň, kanunlarymyzyň kämilleşdirilmegi jemgyýetdäki durmuş-ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna halkylyk, demokratiýa we işjeňlik mahsusdyr. Hut şu ýörelgelerden ugur alyp, häzirki zaman ösüşiniň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň esasyny, ilkinji nobatda, durmuş meseleleri, adam, onuň abadançylygy, rahatlygy, saglygy hakyndaky alada düzýär.

 

Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.