Hak sylamyş topragy bolan Garaşsyz ýurdumyzda, asuda asmanyň astynda erkana pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzyň ylahy gudraty seni biygtyýar özüne bendi edýär. Parahatçylyk nuruny eçilýän ajaýyp şekili bilen her bir türkmen raýatyny özüne imrindirip duran bu Döwlet nyşanynyň durky umman ýaly many-mazmuna eýedir. Onuň keşbinde merdana türkmen halkynyň täsin ruhy dünýäsi jemlenýär.
Taryhy ýazuw çeşmeleriniň syrly sahypalaryna ser salanymyzda ençeme döwletleri guran merdana türkmen halkynyň gahrymançylykly ýeňişlerini dabaralandyran tuguny öz janyndan eziz görüp gorandygynyň, hormatlandygynyň şaýady bolýarsyň. Pederlerimiziň şol ruhy däp-dessurlary Garaşsyzlyk ýyllarynda hem dowamat dowam bolup, döwlet baýdagymyzyň mertebesi belentden belende göterilýär.
Eziz Diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gadymy Oguz ilinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri ata Watanymyzyň synmaz sütünli ruhy güýçdüginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, Magtymguly Pyragynyň öz döwründe Garaşsyz döwlet bolmak barada eden arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň guwançly dabaralanmasydyr. Bu iki mukaddesligiň baýramynyň bilelikde, ýagny bir günde bellenilip geçilmeginde hem aýratyn many-mazmun bardyr. Çünki, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan biziň bagt guşumyzdyr, Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz bolsa şol bagt guşunyň goşa ganatydyr.
Türkmen halkymyzyň asyrlar boýy arzuwlap ýeten garaşsyz döwletiniň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz bu gün dünýäniň çar künjünde, halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde buýsanç bilen pasyrdaýar. Halkara sport bäsleşiklerinde türkmen türgenlerimiziň ýeňşini dabaralandyryp al-asmana galýan baýdagymyz halkymyzyň buýsançly başyny arşa göterýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, ruhy sütünlerine aýratyn uly sarpa goýýan Milli Liderimiziň: «Halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, parahatçylyksöyüjiligini, ynsanperwerligini, päk yürekliligini şöhlelendirýän ýaşyl Tugumyz biziň her birimiziň göwünlerimizi galkyndyryp, gözlerimizi ruhlandyrýan – gözbaşyny uzak geçmişlerden alyp gaýdýan milli guwanjymyzdyr» diýen sözlerinde türkmen halkynyň bütin tebigaty, milli aýratynlygy, asylly ahlak sypatlary jemlenendir.
Mukaddes baýdagymyzyň ýaşyl reňkli ajaýyp keşbini oýlanma bilen synlan halatyňda, hamala, oňa şu ata Watan üçin öz başyny goýan merdana ata-babalarymyzyň atlary, Oguz han atamyzyň agzybirlik baradaky wesýetleri, Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwly goşgularynyň ajaýyp setirleri, ene hüwdüsiniň gyzgyn mähirli sözleri, Watan, parahatlyk hakyndaky mukamlaryň, Döwlet senamyzyň notalary çitilen ýaly bolup görünýän ýagşy duýgulary başdan geçirýärsiň.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda, ýagny 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip beýan edilýär hem-de döwletiň erkinligini alamatlandyrýar.
Ata-babalarymyzyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — Tugundan» diýen paýhasly pähimi bar. Türkmen baýdagynyň dünýäde iň uly Baýdak sütüni hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerest dagynyň depesinde parladylmagy hem-de dünýäniň iň belent binasy bolan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Burj Halifa» binasynda şöhlelendirilmegi halkymyzyň ruhy buýsanjyny has-da belende göterdi.
Baýdagymyzdaky bäş sany esasy haly gölleri türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolup, bäş ýyldyz bilen ýarym Aý täzelenişi we ýaşaýşy alamatlandyrýar. Haly gölleriniň aşaky bölegindäki iki sany zeýtun baldajyklary bolsa, ýurdumyzyň 1995-nji ýylda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen, ýaşyl Tugumyzy halkymyzyň köpasyrlyk parahatsöýüjilik däplerini alamatlandyrýan nyşan bolup, hemişelik bezedi. Bu gün ýurdumyzyň ynsanperwerlik we parahatlyksöýüji syýasatynyň keşbine öwrülen Döwlet tugumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynyň binasynyň öňünde hem-de beýleki iri halkara guramalarynda, dünýäniň ençeme döwletlerinde, şeýle hem şäherdir obalarymyzda buýsançly parlaýar.
Paýtagtymyzdaky, Arkadag şäherindäki hem-de welaýat merkezlerindäki başy asman belentligi bilen bäsleşýän täsin baş baýdaklarymyz hem halkymyzyň mizemez erkiniň nyşany hökmünde Döwlet garaşsyzlygymyzy, il-günümiziň jebisligini, şan-şöhratymyzy dünýä ýaýyp, ynsan göwnümizi galkyndyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Watan diňe halky bilen Watandyr!» «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygarynyň, halkymyzyň zähmet üstünlikleriniň, döwletimiziň syýasy durnuklylygynyň dabaralanmasy bolup, biziň şatlygymyzy goşalandyrýar.
Aýlar, ýyllar geçer, döwürler aýlanar, ýöne biziň mukaddes Döwlet Baýdagymyz Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki nesilleriniň gözguwanjyna öwrülip, olaryň ýeňişli üstünliklerini dabaralandyryp, beýik Biribaryň nazary düşen türkmen topragynyň erkinligini nyşany bolup, hemişe al-asmanda pasyrdar durar.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.