Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny ýagşy umyt-arzuwlara, öçmejek nura besleýän ajaýyp şygyrlary bilen ýüreklerde ýer eden şahyrdyr. Durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren söz ussadynyň baý edebi mirasy dünýä edebiýatynda görnükli orunda durýar. Dana Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy hem guwanjy bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýip aýdyşy ýaly, beýik şahyry dünýä beren halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä doldurýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy munuň açyk-aýdyň subutnamalarydyr.
Magtymguly barada meşhur gündogarşynas, edebiýatçy alym B.Bartold: «Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip ýazýar. Ýa-da belli balkar şahyry Kaýsyn Kulyýewiň: «Biziň halklarymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elbrus dagy bilen deňeşdirilýär. Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny şol belent dag bilen deňeşdirsem diýýärin. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl, eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbrusy hasap edýäris» diýen sözleri bar. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligi hemişe meşhur alymlaryň, edebiýatçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Munuň özi Jemşidiň jamyna deňelýän dana şahyryň beýikliginiň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegidir hem-de onuň ynsan durmuşynyň çeper beýany, akyl-paýhasyň, öwüt-nesihatyň çeşmesi bolan şygyrlaryna, umumadamzat ähmiýetli pikir-garaýyşlaryna berlen ýokary bahadyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow Magtymguly barada şeýle belleýär:
Ýöne bir uly däl, juda uly sen,
Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen.
Şonuň üçin saýlap daşlaň ulusyn,
Ýasadyk biz senden dagyň ýagşysyn.
Akyldar şahyryň «Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý» diýip, welilik bilen aýdan sözleriniň bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylhamynyň gudraty bilen hakykata öwrülýändigini uly buýsanç bilen aýtmak gerek. Indi beýik ynsanyň heýkeli Aşgabadyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde mesgen tutdy. Gahryman Ogluň beýik pelsepesine ýugrulan ol heýkel türkmeniň dag belentligindäki köňlünde Magtymguly Pyragynyň ebedi orun alandygyny beýan edýän baky eserdir.
Bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, göwünleri ganatlandyrýan, ynsanperwerligi ündeýän ajaýyp şygyrlary döwletlilik, garaşsyzlyk, agzybirlik, birek-birege hormat goýmak, sylamak we watançylyk taglymaty bolup, kalplara gözellik hem nur çaýýar. Onuň aýdyma, nakyla öwrülen setirleri, umman ýaly pähim-paýhasy, akyl-parasaty durmuşda gymmatly ýörelge, ýaş nesil üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda, «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar».
Beýik şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbidine ýugrulan tutumly işleri rowaç bolsun!
Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.