TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GURBAN BAÝRAMY — YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni toýlara, baýramlara, şatlykly wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Güneşli ülkämizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-17-18-nji iýunynda merdana halkymyz Gurban baýramyny toý-dabaralara besläp, uly ruhubelentlikde bellär.

Gurban baýramy yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram – Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri ata Watanymyzda iş günleri däl diýlip yglan edilýär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de, Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.

Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň däp-dessurlary köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini, haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Çünki, Gurban baýramy — ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramydyr.

«Gurbanlyk» sözi, aslynda, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Görnüşi ýaly, musulman halklarynyň, şol sanda türkmenleriň häzirki döwürde giňden belleýän Gurban baýramynyň kökleri gadymyýetden gözbaş alýar.

Baýramçylyk, adatça, üç günläp dowam edýär. Şoňa görä-de, gelin-gyzlar, ýigitler toý lybaslaryny öňünden taýýarlaýar. Halkymyz Gurban baýramy bilen baglanyşykly dürli dessurlary, ynançlary döredipdir. Olaryň biri-de Gurban baýramynyň ilkinji gününde säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmekdir. Şeýle hem baýram günlerinde öý-içeriniň hemme ýeri tämizlenip, arassalanýar. Gurban baýramynda perişdeleriň tämizligi görüp, bagt, bereket, saglyk, agzybirlik ýaly eşretlerden goýup gitjekdigine ynanylyp gelnipdir.

Aslyýetinde musulman dünýäsiniň, şeýle-de gadymy oguz baýramlarynyň ählisiniň köki arassaçylyga, tämizlige barýar. Bu ata-babalarymyzyň arassaçylygyň saglygyň girewidigine, saglygyň bolsa eşretli durmuşyň açarydygyna göz ýetirendigi bilen baglanyşyklydyr.

Döwürleriň özgerýändigine we ýaşaýyş-durmuşymyza täzelikleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlary ýatdan çykarylmaýar. Palaw, dograma, ýarma, çekdirme ýaly milli tagamlar taýýarlanyp, asylly däbimize görä, her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylýar. Dünýäde parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda baýramçylyk dabaralarynyň ählisi jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün edýär, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze üstünlikleri gazanmaga hem-de belent sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän bagtyýarlyk döwründe garşylaýan Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.