TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DÜNÝÄ ŞYGRYÝETINIŇ GÖWHER GAŞY – MAGTYMGULY PYRAGY

Dünýä belli beýik şahslary bilen şan-şöhraty belende göterilýän gadymy türkmen ilinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň şu günki bagtyýar we geljekki röwşen durmuşy ugrunda edýän tagallalary bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Bu babatda berkarar Watanymyzyň asylly döwlet syýasaty halkymyzyň arzuw-islegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly pederlerimiziň köpasyrlyk tejribesine daýanýar. Dana pederlerimiziň kämil ýöl-ýörelgeleri bolsa mukaddes ata Watanyňy janyň-teniň bilen söýmegiň beýik nusgasydyr.

Ynha, Gündogaryň şygryýet dünýäsiniň parlak ýyldyzlarynyň biri, öz döwründe çarhypelegiň biweç oýunlaryna gyýlyp, halkyň tarapynda durup, berkarar döwletli bolmagy ömür boýy arzuwlap geçen akyldar şahyr hem Magtymguly Pyragydyr.

Eziz diýarymyzda we dünýäde uly seslenmä eýe bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy tutuş dünýä we halkara derejesinde dabaraly bellenilýär. Şeýle hem biziň ata Watanymyz Türkmenistanda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet derejesinde we uly ruhubelentlikde bellenilýär.

Elbetde, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, milli buýsanjydyr. Şahyr:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň – diýip, şu günki bagtyýar durmuşymyzy arzuw eden we özüniň ölmez-ýitmez ajaýyp eserleri bilen türkmen halkynyň ykbalyna uly täsir eden beýik şahsyýet hökmünde dünýäniň ýüzünde halkymyzyň abraýyny arşa göterdi. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy akyldar şahyryň döredijiligi durmuş hakykatyny özünde jemleýär. Magtymguly Pyragy özüniň milli ruhly şygyrlarynda watançylyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk duýgularyny inçelik bilen beýan edip, adamlara ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmegi, ylym öwrenmegi, ýagşy-ýamany seljermegi, kanagatly bolmagy, şer işlerden daşda durmagy ündeýär. Şonuň üçinem şahyryň goşgulary halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr.

Şahyryň dür dänesine öwrülen ajaýyp şygyr setirleri türkmeniň süňňüne baky ornan eserlerdir. Gyzyla gaplaýmaly goşgularynda halkynyň agysyna aglap, şatlygyny deň paýlaşandygyny onuň şahyrana setirlerini okanyňda aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçin hem halk onuň goşgularyna kalbynyň töründen orun berýär. Bu gün türkmeniň haýsy öýüne barsaň-da, akyldar şahyryň şygyr diwanlarynyň öýüň törüni bezeýändigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.

Öz halkynyň kalbynyň töründe orun alan şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň arasynda söýlüp okalman, eýsem, dünýä edebiýatynda giňden orun aldy. Magtymguly Pyragynyň şygyr ýygyndysynyň dünýäniň köp dillerine, şol sanda rus, iňlis, türk, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus we başga-da birnäçe dillere terjime edilmegi munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmen edebiýatynyň esasy sütünleriniň biri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri diňe bir halkymyzyň arasynda däl, dünýä halklarynyň arasynda gyzgyn söýgä mynasypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip nygtasa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Hawa, bu gün Magtymguly Pyragyny bütin dünýä tanaýar. Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligini halkara derejede wagyz etmekde amala aşyrylýan asylly işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen asyryň ikinji ýarymynda, ýagny 1971-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň häzirki Magtymguly şaýolunyň ugrunda akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň oturdylandygyny aýtmak buýsançly wakadyr. Döwletimiziň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda beýik akyldar şahyryň ýadygärligi hem-de Magtymguly Pyragy muzeýi bar. Golaýda bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metre deň bolan ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy açyldy.

Bu ýerde daglary synlap oturyşyňa, seriňi gaplap alýan oý-pikirler seni asyrlaryň jümmüşine tarap alyp gidýär. Keremli daglarda nähili güýjüň, nähili gudratyň bardygy barada oýlananyňy duýman galýarsyň. Ençe şatlykly wakalary başdan geçirip, kän hasratlary gerdeninde çeken daglar, jana şypaly melhem suwly, egrem-bugram ýol-ýodaly, almaly, injirli, narly, kert-kert gaýaly, jülgeli daglar baradaky pikirleriň seni şygyrlaryň şasy Magtymguly Pyragynyň döwrüne aralaşdyrýar. Çünki, şanyna müň dessan ýazmaly daglarda Magtymguly Pyragynyň keşbi galypdyr.

Dünýe döräli bäri duran, gözelligini synlap ganyp bolmaýan şol daglaryň – Köpetdagyň iň bir gözel ýerinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy şahyra uly hormatdan nyşan bolup, onuň ömrüniň hem-de döredijiliginiň şol daglardan aýra däldigini görkezýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen bu ýadygärlik alyslardan seleňläp görünýär. Bu bolsa, dana atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp we ajaýyp sowgatdyr.

Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň gezen ýerleri, olaryň dünýä inen, göbek ganlarynyň daman topragy, türkmen topragy keremli toprakdyr. Zehini bilen at-owazasy äleme dolan beýik şahsyýetleri dünýä beren toprakdyr. Gündogaryň saýrak bilbilleri Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, şeýle hem müňlerçe alymlardyr akyldarlaryň, şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň, taryhda öçmejek yz galdyryp giden ägirtleriň dünýä inen topragydyr. Şol ägirtler ylym we döredijilik dünýäsinde uly meşhurlyga eýe bolup, öçmejek, ölmez-ýitmez yz galdyran ogul-gyzlardyr.

Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatyndaky ornuny hiç zat bilen deňäp bolmaýar.

Magtymguly Pyragy türkmen halkyny dünýä tanadan, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynа giren beýik şahyrdyr, akyldardyr. Gündogarşynas A.Ý.Krymskiniň: «Molla şahyr bolan Döwletmämmet Azadynyň ogly Magtymguly XVIII asyryň ikinji ýarymynda has şöhratlanan hem-de bir-biri bilen syýasy taýdan baglanyşykly bolmadyk, dagynyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly görülýär we umumy milli şahyr hasaplanýar. Türki halklaryň özgesiniň munuň ýaly bitewi milli şahyry ýok» diýip, belläp geçmegi hem onuň tutuş dünýä derejesinde giňden tanalýandygyna şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragynyň dünýägaraýşynyň giňemeginde, edebiýat äleminde ornuny tapmagynda dürli medreselerde okamagynyň, ylaýta-da, «Şirgazy» medresesinde okamagynyň, döwrüň öňe süren beýik alymlarynyň ylmy işleri bilen ýakyndan tanyş bolmagynyň ähmiýeti has hem uludyr. Söýgi-liriki eserlerini döretmeginde Meňliniň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Onuň haýsy tema ýüzlenen goşgusy bolsa bolsun, ol döwrüniň, şu günüň we geljegiň wakalarynyň aýdyň beýanydyr.

Bu gün, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasy geldi. Eziz Türkmenistan ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şahyryň döredijiligi tutuş dünýäni aýlanýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda onuň hormatyna oturdylan heýkellere dünýä halklary baş egýärler. Munuň özi, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň bu gün ähli halklaryň, döwürleriň we göwünleriň şahyrydygyny tassyklaýar we türkmeniň meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynadygyny görkezýär.

Şol hazynanyň nesillere baky ýadygärlik galmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, beýik söz ussady tirsegine galdy. Munuň üçin halkymyzyň hoşallygynyň çägi ýokdur.

Ata Watany, beýik şahslary söýmegiň, olary mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän we türkmen halkynyň döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.