TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DABARASY DÜNÝÄ DOLAN ARKADAG ŞÄHERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýän türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleriniň uly üstünliklere beslenýändigini aýan edýän Medeniýet hepdeligi tutuş halkymyzyň arzyly baýramçylyklarynyň birine öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir. Ýylyň ady we bu ýylda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da dabaralandyrýar. Bu baýram milletiň taryhy-medeni mirasyna goýulýan beýik sarpanyň nyşany bolup, ol Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Diýmek, milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki mynasyp orny nusgalykdyr. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligini sebitde ýeke-täk «akylly» şäher — Arkadag şäheri kabul etdi. Munuň özi şu gezekki geçirilen hepdeligiň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. Täze şäheriň döwrebap medeni ojaklarynda geçirilen dabaralara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy aýratyn öwüşgin çaýdy.

Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň gadymy geçmişinden miras galan milli ýörelgeleri bilen şu günüň gymmatlyklaryny şöhlelendirýän medeni çärelere, baýramçylyk şowhunlaryna beslenip geçirildi. Ýurdumyzda 2013-nji ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň bu ýyl sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Türkmeniň gadymy gymmatlyklaryny özünde jemleýän medeniýet ulgamynyň baýram günleriniň sebitdäki ilkinji «akylly» şäher bolan, gurluşygy häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna, ösen şähergurluşyk däplerine esaslanýan Arkadag şäheriniň ulanylmaga berilmeginiň bir ýyllygy bilen utgaşyp gitmegi döwürleriň, nesilleriň arabaglanyşygyny inçelik bilen baglanyşdyrýan milli ruhuň döredijilik gudratyny teswirleýär. Çünki, bu şäher açylandan bäri medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Yklymlary haýrana galdyrýan täze şäherde medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Aslynda-ha, taryhda yz galdyrjak nusgalyk işleri bitirip, halkyň ynamyna mynasyp bolmak, oňyn başlangyçlar bilen halkara giňişligine çykyp, dünýä halklarynyň arasynda tanalmak, döredijilik ýoluny gurmak beýik Şahsyýetlere başardýar. Olar öz halkynyň beýik Ogly bolup, taryha girýär.

Aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseri. Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri — gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy.

Bu gün türkmen halky öz milli Lideriniň adyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň kartasynda täze peýda bolan ilkinji «akylly» şäheri bilen ebedileşdirdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik şäher öz ady bilen tanalýar. Şäherler adamzat ýaşaýşynyň ösen derejesini alamatlandyrýan medeniýet merkezleri bolup, ösüşler, täzelenişiň ähli ugurlary, ilki bilen, şäherden badalga alýar. Arkadag şäheriniň gurulmagy döwletiň ösüş derejesi bilen berk baglanyşyklydyr.

Bu gün akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Ýagşylar tutmuş bina, bir şähri gördüm — şondadyr» diýen sözleriniň biziň günlerimizdäki wysaly bolup, döwürlere ýaň salýan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylmagy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly seneleriň biri boldy.   Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir.

Täze şäherde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, häzirki zamanyň iň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýär. Hut şu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli, üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda ýurdumyzda döwrebap, «akylly» şäher kemala geldi we ol gülläp ösýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäniň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen mukaddes şygary öňe süren Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan iş ýüzünde üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly nygtaýşy ýaly, milletiň Lideriniň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi. Şonuň üçinem ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň bellän aýdyň ýoly, öňde goýan beýik maksatlary, geljegi uly wezipeleri ajaýyp zamanamyzda alnyp barylýan işleriň esasyny düzýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň örän oýlanyşykly işlenip düzülendigine şaýatlyk edýär. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär.

Hawa, bu gün täze şäherde döredijilikli durmuş, bagtyýarlyk höküm sürýär, täze jaýly, täze işli bolan bagtyýar maşgalalaryň şatlyk-buýsanjynyň çägi ýok. Olar bu nurana bagtyýar durmuşy peşgeş beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

 

Hekimberdi Öwezow,
 Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.