Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda jemgyýetçilik durmuşyny döwrebap derejede demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilip, saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunlarymyza we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplanylýar. Demokratik saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda bolsa, raýatlaryň saýlaw hukuklary talabalaýyk üpjün edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelindäki № 100-VII belgili kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde saýlawlar bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýlelikde, öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinden başlandy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň, şeýle-de raýatlar toparlarynyň gatnaşmaklarynda, köp partiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde geçiriler.
Dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 8-nji maýyndan başlandy, 6-njy iýunynda bolsa tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak maý aýynyň 18-den iýun aýynyň – 11-i aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 9 dalaşgär degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy.
Şolardan 2-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 1-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 2-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 4-si bolsa raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň üç saýlaw okrugynda Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna geçiriljek saýlawlarda her bir saýlaw okrugy boýunça dalaşgärleriň 3-si bäsleşer.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň, şeýle-de şol saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri baradaky maglumatlar «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» we «Aşgabat» gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi. Şele-de, ýetip gelýän saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar dessin Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) yzygiderli ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputat-larynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlary guramaçylykly geçirmek işi Merkezi saýlaw topary, Aşgabat şäher saýlaw topary, etrap saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlary, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary tarapyndan guralýar. Saýlaw toparlarynyň ählisiniň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Şu ýylyň maý, iýun aýlarynda Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäher, Berkararlyk, Köpetdag etrap we üç okrugyň saýlaw toparlarynyň we şol çäkdäki uçastok saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň, kätipleriniň we syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň Aşgabat şäher, Berkararlyk we Köpetdag etrap guramalarynyň, milli synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlary geçirildi.
Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolar. Häzire çenli syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan milli synçylaryň 76-sy bellenildi we Aşgabat şäher savlaw toparynda bellige alyndy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasy tarapyndan gollanmalar, saýlaw resminamalary, zerur bolan kanseliýariýa harytlary, saýlaw býulletenleri taýýarlanylyp, saýlaw uçastoklaryna paýlanyldy.
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, ses bermegiň tertibini düşündirýän wideorolikler taýýarlanyldy we olar teleýaýlymlar arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
Aşgabat şäherinde saýlawlaryň geçiriljek saýlaw okruglarynyň çäklerinde saýlaw uçastoklaryň 60-sy hereket edýär. Has anygy: 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynyň çäginde 20 saýlaw uçastogy, 2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugynyň çäginde 21 saýlaw uçastogy, 6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugynyň çäginde bolsa 19 saýlaw uçastogy.
Saýlaw uçastoklarynyň 16-synda wideokameralar bilen enjamlaş-dyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen iş alnyp barylýar. Şol saýlaw uçastoklarynda ses berlişi 7-nji iýulda ir sagat 7-den agşam 19-a çenli Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda göni görkeziler.
Degişli saýlaw okruglarynda bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumat şeýle-de, olaryň terjimehallary we suratlary merkezi gazetleriň sahypalarynda şu ýylyň 13-nji iýunynda türkmen we rus dillerinde çap edilip, şele-de, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda ýerleşdirilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi.
Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy we guramaçylykly geçirilýär.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Gizlin ses berilýän kabinalar, üç görnüşli saýlaw gutulary taýýarlanyldy.
Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylar üçin öňünden ses bermek mümkinçiligi döredildi. Öňünden ses bermek saýlawlaryň geçiriljek gününe on gün galanda, ýagny 27-nji iýunda başlandy.
Ýaşy ýetmişden geçen saýlawçylaryň sany 2189 adam. Ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermegine mümkinçilik dörediler.
Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny doldurýan, ilkinji gezek ses berjek ýaş saýlawçylaryň sany 1783 adam bolup, olara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputat-larynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar halkara kadalaryna, milli kanunlarymyza we ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçiriler. Saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda, köp partiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde guramaçylykly geçirilmegi raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolar.
Merkezi saýlaw topary.