TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HARMANYŇYZA BEREKET, EDERMEN BABADAÝHANLAR!

Bereketli türkmen topragynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk bolçulygyny berkitmek, ilatymyzy özümizde öndürülýän ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barha rowaç alýar. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň döredilmegi, şeýle-de, şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy hem ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň binýadyny emele getirýän gallaçylyk pudagyna aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ykdysadyýetimizde uly orny eýeleýän oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçi daýhanlary ähli taraplaýyn goldamak bilen bagly ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 690 müň gektarda ýetişdirilen dokmaňyz ak bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almagy maksat edinen gallaçylar orak möwsümini depginli alyp bardylar.  

Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 31-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, asylly däbe görä, ýerlerde dili senaly, il sylagly ýaşulular beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!»

diýip, «Bismilla» bilen galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berdiler.

Gallaçy daýhanlar ilkinji bugdaý desselerini orup, başarjaň mehanizatorlar bolsa şol dabaraly pursatlary joşgunly zähmete utgaşdyrdylar. Ata-babalarymyzyň «Daýhan mert — ýer jomart», «Gallam bar, tyllam bar», diýen pähim-parasatlaryna ýürekden uýýan oba zähmetkeşleri ak bugdaýyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekdiler.

Bu bolsa edermen babadaýhanlarymyzyň, oba zähmetkeşleriniň topraga söýgüsi, yhlas-aladasy netijesinde, halkymyzyň gadymy daýhançylyk däbiniň rowaçlanýandygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy. Güneşli Diýarymyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, döküniň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, Magtymguly atamyzyň «Türkmeniň» atly goşgusynda «Bal getirer, joşup derýa akanda» diýip, buýsanç bilen aýdyşy ýaly, suwarymly türkmen ýaýlalaryndan ak bugdaýyň, ak altynyň, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän bugdaý hasyly halkymyzyň saçaklarynyň berekedidir, berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl hem Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi, obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Oba hojalygynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmäge uly itergi berýär. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara hem ibermäge mümkinçilik döredýär.

Ata-babalarymyzyň daýhançylyk kärini häzirki zaman ylymynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, gujur-gaýratyny siňdirip, bol hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän daýhanlarymyz sanardan köp.

Galla oragy  möwsüminde, dünýä belli meşhur kompaniýalaryň «John Deere» hem-de «CLAAS» kysymly kämil tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanyldy. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işläp, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga ýardam etdi.

Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin oňaýly durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, ykjam söwda nokatlarynyň işi guraldy. Galla ýygnaýan toparlaryň ählisiniň işi guwandyryjy netijeleri berdi. Şeýlelikde, sahawatly türkmen topragyndan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda ussat kärendeçiler ýokary netijeleri görkezdiler.

Sahawatly topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ak bugdaý oba hojalyk ekinleriniň iň gadymylarynyň we esasylarynyň biridir. Halkymyzda ak bugdaý tebigatyň genji-hazynasyna, ýaşaýşyň gözbaşyna, bereket-bolçulygyň nyşanyna, eşretli hem abadan durmuşyň özenine deňelýär. Bugdaý we ondan öndürilýän un, çörek we çörek önümleri mukaddes hasaplanýar.

Bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen täze hasylyň unundan bişirilen, çogly Gün ýaly lowurdaýan, mähirli ysy we tagamy bilen hemmeleri özüne maýyl edýän nurana tamdyr çörekleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünlikleriniň buşlukçysy bolup, ruhuňy belende göterýär.

Umuman, bularyň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döretmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Harmanyňyza bereket, edermen gallaçy babadaýhanlar!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.