TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY

Mukaddes ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ulgamlarda, şol sanda saýlaw ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikler bizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyna düşünip, ata-baba gelýän ýol-ýörelgelerimizden ugur alyp, halal işlemäge ruhlandyrýar.

Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly iň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir. Saýlawlary guramak we geçirmek boýunça ýurdumyzda oňyn tejribeler toplanyldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň hünärmenleri tarapyndan dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamynyň işi we olaryň tejribesi yzygiderli öwrenilýär. Halkara hyzmatdaşlygynda saýlawlaryň geçirilişi, saýlaw hukuklary, saýlaw tehnologiýalary we saýlawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler boýunça tejribe alyşylýar. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy saýlawlaryň demokratik düzgünlerini giňeltmek hem-de saýlawlary halkara standartlaryna laýyklykda geçirmek üçin şertleri döretmekde peýdaly bolýar. Halkara hyzmatdaşlygy halkara synçylarynyň we bilermenleriň saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaklaryny hem öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar. Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri şu ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekilçilikli palatasynyň deputatlarynyň saýlawlaryna GDA-nyň halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdylar. GDA döwletlerinden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň, şeýle-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasynyň, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat bolan 50 adam saýlawlara gatnaşdy. Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Belarus Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.

2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri halkara synçy bolup gatnaşdylar. Şeýle-de, 15-16-njy martda geçirilen «Saýlaw özygtyýarlylygy we halkara ülňüleri» atly halkara maslahatyna hem gatnaşdylar we Russiýa Federasiýasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler. Saýlawlarda ilkinji gezek saýlawçylara elektron, ýagny uzakdan elektron ses bermek şertleri döredilen Moskwa bilen bir hatarda Russiýanyň 29 sebitinde uzakdan elektron görnüşde ses bermeginiň geçirilşine hem syn etdiler. Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Aleksandrowna Pamfilowa bilen duşuşdylar. Şeýle hem 17-nji martda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary I.T.Nematowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň halkara syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini, mundan beýläk-de şeýle boljakdygyny belleýär. Halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň taslamadaky esasy maksady öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, degişli okuw çärelerini guramak arkaly saýlaw işindäki özgertmeleri goldamakdan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Taslama laýyklykda, halkara bilermenleriniň ýurdumyza gelip, saýlaw hukugynyň çäklerinde, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmek ýardamyny, saýlaw toparlaryň agzalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, zenanlaryň saýlaw çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ýaly dürli ugurlar boýunça okuw maslahatlaryny geçirmekleri meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ençeme ýyl bäri saýlaw ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk dowam edýär. Munuň şeýledigine, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen şular ýaly okuw maslahatlarynyň 2008-2012-nji we 2013-2014-nji ýyllarda hem guramaçylykly geçirilendigi şaýatlyk edýär.

Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanandygy hem şaýatlyk edýär.

Döwletimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen hem köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosy bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şonuň bilen birlikde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, şeýle hem degişli saýlaw toparlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bulardan başga-da, saýlaw işine dahylly adamlar üçin seminar okuw maslahatlary geçirilýär. Hususan-da, Serbiýa Resbuplikasynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň «Gysga we uzak möhletli synçy taýarlamak» seminar okuw maslahatlaryna Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän saýlawlara, sala salşyklara, saýlawlar bilen bagly dürli çärelere gatnaşmak indi asylly däbe öwrüldi. Muňa mysal edip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleriniň 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiriljek Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde halkara synçy bolup gatnaşmaklarynyň meýilleşdirilýändigini aýtmak bolar.

Şeýle-de, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleriniň 2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Minsk şäherinde geçiriljek Halkara elektoral – saýlaw tejribeleri boýunça foruma hem gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Munuň özi, saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giň gerime eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Agzybir türkmen halky üçin şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent, il-ýurt bähbitli, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.