TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DÜNÝEWI DÖWLETIMIZIŇ SAÝLAWLY DEMOKRATIÝASY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny, berkarar döwletimiziň ösüşli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy esasynda, halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan eziz Diýarymyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda yzygiderli geçirilýän saýlawlar doly şaýatlyk edýär. Saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda raýatlaryň syýasy hukuklarynyň iň esasylarynyň biridir. Demokratik saýlawlar raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Başgaça aýdanyňda bolsa, saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň dabaralanmagynyň esasy guralydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Döwletimizde demokratik gymmatlyklar we ýörelgeler baradaky kadalar bolsa öz gözbaşyny Esasy Kanunymyzdan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen konstitusion kada berkidildi. Bu kada ýurdumyzda wekilçilikli edaralara döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlaryň geçirilmeginiň esaslaryny kesgitleýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ýörelgelerinde raýatlaryň saýlawlara gatnaşmagynyň erkindigi we meýletindigi, saýlaw hukuklarynyň giň demokratik esasda üpjün edilýändigi göz öňünde tutulýar. Kanunçylykda raýatlaryň saýlawlara gatnaşmaklary üçin döredilýän ähli zerur şertler ygtybarly hukuk binýadynyň emele gelendigini tassyklaýar. Onda berkidilen ynsanperwerlik, adalatlylyk, kanunçylyk ýörelgeleri raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga, saýlaw ulgamyndaky hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Demokratik saýlawlar raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Demokratiýa, ilkinji nobatda, ähli adamlaryň deňligine, olaryň erkinligine esaslanýar. Demokratiýanyň esasy maksady jemgyýetiň dürli toparlarynyň bähbitleriniň deňagramly bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Demokratik döwletiň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlawlar raýat jemgyýetini ösdürmegiň bir şertidir. Ählumumy saýlawlar döwletiň syýasy ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

Munuň şeýledigine, ýurdumyzda demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik esasynda, agzybirlikde, asudalykda we guramaçylykly geçirilýän ählihalk saýlawlary hem şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda geçirilen saýlawlaryň halkara kadalaryna, milli kanunlarymyza we demokratik ýörelgelerimize laýyklykda, köp partiýalylyk, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk şertlerinde guramaçylykly geçirilendigini bellesek ýerlikli bolar. Saýlawly demokratik ýol bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar  döwletimiziň syýasy durmuşynda demokratik kadalaryň berjaý edilýändigini äşgär edýär.

Saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň hemmesi, şol sanda zenanlarymyz we ýaşlarymyz saýlaw çärelerinde ýokary işjeňlik görkezýärler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi esasynda türkmen jemgyýetiniň hil taýdan özgerendigini, jemgyýetimizde kämil demokratik ýörelgeleriň kemala gelendigini görkezýär. Biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda emele gelen sazlaşyk bolsa köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuňňur hormat we sarpa goýulmagyna getirdi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeldi.

Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.