TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly we uly ruhubelentlikde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şatlyk-şowhunly baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär. Bilim ojaklarynda kakylýan we göwnüňi galkyndyrýan ilkinji jaňlar bolsa täze ― 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýar.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.

Biziň ýurdumyzda 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler gününe 2007-nji ýyldan başlap, Talyp ýaşlar güni hem goşulyp, bu şanly senäniň dabarasy has-da ýaýbaňlandyryldy. Elbetde, ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň artmagy, olara okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň bolsa ýylsaýyn köpeldilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär.

Türkmenistanyň bilim syýasaty ýokarda agzalan ýörelgeleri gyşarnyksyz we netijeli durmuşa geçirmek arkaly milli bilim ulgamynyň ýokary ösüşe eýe bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamy hereket edýär. Umuman, bilim ulgamynyň ähli basgançaklary dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. Bu ösüşler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirýän bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler bilen şertlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmeginiň aňyrsynda uly many ýatyr. Çünki, berkarar ýurdumyzyň ösüşi, kuwwaty bilimli nesil bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen hem bagtly geljegi şu günki ýaş nesilleriň elindedir. Ýaşlar saýlap alan hünäri boýunça degişli maglumatlary islendik wagtda alyp peýdalanýarlar. Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini, okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şert döredýär.

Şeýlelikde, bagtyýar türkmen ýaşlary ýurdumyzda we daşary ýurt döwletlerinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlara – medallara we hormat hatlaryna mynasyp bolup, mukaddes ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler.   

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.