TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ALKYŞLYDYR, JOŞGUNLYDYR ÝÜREKLER

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ägirt uly zähmet üstünliklerini gazanmaga hem-de döredijiligiň täze belentliklerini eýelemäge ruhlandyrýan şanly sene — hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek doglan güni! Şu ajaýyp günde hormatly Prezidentimize berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň durmuş-medeni hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriniň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, döretmek we gurmak başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara we üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ata Watanymyzda ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji taryhy ähmiýeti möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Prezident saýlawlary ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, bäsleşik esasynda geçirildi. Şol geçirilen ählihalk saýlawlarynda, dokuz dalaşgäriň içinden 72,97 göterim ses alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow saýlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň demokratik şertlerde erkin, adalatly ýagdaýda geçirilendigini buýsanç bilen nygtamak bolar. Saýlawlaryň geçişine syn eden daşary ýurtly halkara synçylary hem saýlawlaryň asudalykda, aýanlykda, kanuna laýyklykda geçirilendigini kanagatlanma bilen belläp, oňa ýokary baha berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we oýlanyşyky ýörelgeleri esasynda hormatly Prezidentimiz döwletliligiň synmaz sütünini emele getirdi. Soňky ýyllaryň dowamynda türkmenistanlylaryň we tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Olar anyk netijelere, batyrgaý çözgütlere eýe bolýar. Watanyň abadançylygyny, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur hökmünde kesgitlän Gahryman Prezidentimiz eziz Watanymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle-de akylly Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarymyzda, şäherdir obalarymyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň — ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň, seýilgähleriň, senagat kärhanalarynyň, zawod-fabrikleriň ulanylmaga berilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy üpjün ediji, dostlugyň hem-de asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Halkara giňişliginde Berkarar döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak, parahatçylykly durmuşy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny düzýär. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär hem-de pugtalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bilen iri halkara guramalarynyň hem-de dünýä döwletleriniň arasynda ynanyşmak we birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklary yzygiderli durmuşa geçirýär, sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda dünýä bileleşiginiň umumy tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Ýurdumyzyň Içeri we daşary syýasatdaky üstünlikleri, beýik başlangyçlary, tutumly özgertmeleri, milli agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmek ugrundaky asylly işleri üçin halkymyz Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşaldyr!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde, raýatlarymyzyň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramakda, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak kämil bilimli, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň ýetişdirilmeginde uly işler durmuşa geçirilýär.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda merdana ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alynýar. Döwletliligi we hukugy kämilleşdirmekde, raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, döwlet we adam gatnaşyklarynyň has kämil sazlaşygyny üpjün etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwrebap özgertmelere, beýik ösüşlere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýly günlerinde türkmen halky uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna  barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip bellemegi halkymyzda aýdyň geljege beýik ynam döredýär.

Bilşimiz ýaly, indi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halkymyzyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däpleriň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolar. Giň wekilçilikli bu umumy Milli forumda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we oňyn çözgütler kabul ediler. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şol çözgütler Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen dabaraly garşy alýan şanly senesi — mübärek doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys!

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent, aýdyň maksatly, uly tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.