TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI – PYRAGYNYŇ ARZUWLARYNYŇ BEÝANY

Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy öňe sürýän gadymy Oguz nesliniň asuda, parahat ýurdunda – türkmen ilinde halkyň agzybirligi bilen gazanylýan uly ösüşleriň, üstünlikli sepgitleriň dabarasy dag aşyp, merdana pederlerimizden bize baky miras galan mukaddes ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, raýatlarymyzyň ruhy dünýäsi barha belende göterilýär.  

Türkmen ählini eşretli durmuşa ataran Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň döwletli, ynsanperwer tagallalary esasynda halal zähmet çekýän, döredýän erkana halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi döwrebap şertlerde ýokarlanýar. Elbetde, munuň özüniň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň sapaly miwesidigini uly hoşallyk we buýsanç bilen aýtmak gerek.

Ulus ilimizi baky bagtyýarlyga beslän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Oguz han, Gorkut ata, Görogly, Magtymguly Pyragy ýaly başga-da ençeme beýik şahslary dünýä beren, Beýik biribaryň nazary düşen güneşli eziz Diýarymyz parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, ösüşleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde jahan içre meşhurlyga eýe bolýar. Ata-babalarymyzdan gelýän we asyrlaryň synagyndan geçen kämil ýörelgeler dowam etdirilýär.

Asly demokrat bolan ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» we «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýen parasatly ýörelgelerinden ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda merjen Paýtagtymyzdaky kaşaň «Maslahat köşgünde» geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Asla bu döwletli Maslahatda beýan edilen üstünlikler, ösüşler, täze sepgitler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň özboluşly dabaralanmasy boldy.

Dogrusy, Halk Maslahatynyň mejlisinde ençeme şatlykly tolgunmalaram başdan geçirýärsiň. Maslahata gatnaşyjylar bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, hormatly Prezidentimiziň gelmegine sabyrsyzlyk we uly tolgunma bilen garaşýarsyň. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz gelende, münberde çykyş edende şowhunly aýdylýan şygarlary şatlykly, täsin duýgular bilen gaýtalaýarsyň. Endamyňy jümşüldedýän Türkmenistanyň Döwlet Senasyny aýdýarsyň.

Asla, başymyzyň täjine deňelýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek indi özygtyýarlylyk bagtynyň ilkinji ýyllaryndan bäri asylly däp bolup gelýär. Maslahata welaýatlarymyzdan, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherinden mynasyp wekilleriň agzybirlikde gatnaşmagynyň bolsa, türkmen jemgyýetiniň jebislik, watansöýüjilik binýadynyň berkdigini görkezýändigini uly buýsanç hem-de şükranalyk bilen aýtmak gerek.

Elbetde, merjen paýtagtymyzda geçirilen bu taryhy we dabaraly Maslahat, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz – diýen dürdäne setirleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde hasyl bolýandygyny äşgär edýär. Çünki, bu umumymilli forumyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşmagy-da aýratyn many-mazmuna eýedir.

Taryhy mejlisiň dowamyndaky Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmunly, şeýle-de ýaşuly we ýaş nesliň, şol sanda zenanlaryň joşgunly çykyşlary, oňa gatnaşyjylaryň «Arkadaga şöhrat!», «Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!» diýip kalbynyň töründen çykýan buýsançly sözleri bir ýürek, bir ses ýaly bolup gaýtalamaklary jebisleşen, berk binýatly, ösüşli agzybir türkmen jemgyýetiniň kemala gelendigini bütin dünýä äşgär etdi.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde resminamalaryň birnäçesine dabaraly ýagdaýda gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana gol çekmegi hemmeleriň kalbyny heýjana getirip, göwnüni asmana göterdi.

Baş baýramymyz Garaşsyzlyk baýramynyň ruhubelentligindäki şol dabaraly pursatlarda bolsa, hormatly Prezidentimiziň «Eziz watandaşlar! Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýetris!» diýen parasatly jümleleri joşgunly kalplaryň töründe ýaňlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerilip, öten-geçenlerimizi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti merhum Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap, mejlisiň ertesi güni agzybirlikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berilmegi hem türkmenleriň asylly döwletlilik ýörelgelesiniň dabaralanmasy boldy.

Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, garaşsyzlyk, döwletlilik baradaky ak arzuwlarynyň, şeýle-de demokratik kadalara esaslanýan halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň indi biziň ajaýyp ülkämizde mynasyp derejede hasyl bolýandygyny öz aýdyňlygy bilen görkezdi.

Asla, döwletimizde adalatlylyk ýörelgelerine eýerýän konstitusion kadalar esasynda geçirilýän ählihalk saýlawlaryna hem halkara derejesinde ýokary bahanyň berilmeginiň ýurdumyzda demokratiýanyň, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygynyň ykrarnamasydygyny ruhubelentlik bilen bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň esasynda dünýäde hem-de mukaddes Ata Watanymyzda uly üstünlikler gazanylar.

Merdana halkymyzyň, Watanymyzyň şan-şöhratyny, Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk derejesini belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen mejlisi haýyrly we mukaddes Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, eziz watandaşlar!

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.