TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MUKADDES GARAŞSYZLYK — BAKY BAGTYÝARLYGYŇ BAÝRAMY

Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň naýbaşy toýudyr. Bagtyýar halkymyz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ýurt Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen her ýylyň 27-nji sentýabrynda eziz diýarymyzda buýsançly baýramymyz giň dabaralara beslenip bellenilýär. Şanly senä bagyşlanan dabaralaryň we giň göwrümli çäreleriň şu günlerden ata Watanymyzyň çar künjegini gurşap almagy hem bu toýuň türkmen halky üçin uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baýramlarymyzyň naýbaşysy bolan Garaşsyzlyk güni barha golaýlaşýar. Döwletlilik toýuny uly zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslän halkymyz bagtly-bagtyýar geljege tarap ynamly gadam urýar.   Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan we gazanylýan maddy hem-de ruhy baýlyklarymyza, amala aşyrylýan dürli öwüşginli syýasy, durmuş-ykdysady, medeni özgertmelere aň ýetirmek her birimiz üçin wajypdyr. Çünki, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Her bir türkmen üçin ata Watanyndan ileri zat ýok. Eziz döwletimiz halkymyzyň ençeme ýyllap arzuw eden bagtyna – Garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda göteren arzuwydyr. Bu mukaddes arzuw 1991-nji ýylyň tylla güýzünde amala aşdy. Ata Watanymyzda özbaşdak Türkmenistan döwleti döredi. Garaşsyzlyk türkmen halkyna bagt getirdi. Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna guwanýar, buýsanýar, ony belentden wasp edýär. Garaşsyzlyk halkyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr, milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasydyr, ähli üstünliklerimiziň özenidir.

Türkmenistan özbaşdaklyga eýe bolandan soň, Esasy Kanunyny — Konstitusiýasyny kabul etdi. Ýurduň Esasy Kanuny adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde esasy resminama bolup çykyş edýär. Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň we onuň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň ykrar edilmegi Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny halkara ülňülerine doly laýyk getirdi.

Bäş müňýyllyk buýsançly taryhy bolan merdana halkymyzyň gurmak, döretmek, haýyr-sogap gazanmak ýaly milli ruhuna siňen mukaddes ýörelgesi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da rowaçlanýar. Eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna ýakynlaşdyrýan her bir günümiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly taryhyna altyn sahypalary ýazýar.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar.

Hormatly Prezidentimiziň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.

Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlardan asyrlara aşyp, dünýä ýaň salsyn!

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.