TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

RUHUMYZY BELENDE GÖTEREN DÜRDÄNE ESER

Mukaddes ata Watanymyzda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda merjen Paýtagtymyzdaky kaşaň «Maslahat köşgünde» geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ýatdan çykmajak şatlykly wakalara baý boldy. Bu Maslahatyň çözgütleriniň, wakalarynyň biziň bagtyýar geljegimiziň binýady bolup durýandygyny buýsançly duýgular belen bellemek gerek.

Elbetde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde resminamalaryň birnäçesine dabaraly ýagdaýda gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana gol çekmegi hemmeleriň kalbyny heýjana getirip, göwnüni asmana göterdi.

Şeýle-de, Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öz täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyny uly joşgun, buýsanç bilen okap bermegi, döwletli Maslahata gatnaşyjylaryň hemmesini şatlykly duýgulara we täsin ruhubelentlige besledi.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu gymmatly goşgynyň agzybirlikde geçirilen Maslahatda dabaraly ýaňlanmagy hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň, şeýle-de Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýändiginiň ýene-de bir gezek bütin dünýä dabaralanmasy boldy.

Asla, köňüllerimizi şatlyga beslän bu dürdäne eser, ýurdumyzyň başlangyjy we Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen     «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly bütindünýä şygary astynda geçiriljek indiki ýylyň, şonuň ýaly-da parahatsöýüjilikli türkmen Bitaraplygynyň, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspnamasy bolup, buýsançly kalplarymyzda müdimi we joşgunly ýaňlanar.

Şeýle hem bu umman ýaly many-mazmunly we gyzyla gaplaýmaly eseriň Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramyna uly toý sowgady bolandygyny buýsanç bilen aýtmak gerek.

Häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni köpçülik çärelerinde münberlerde belentden ýaňlanyp, uly seslenmä eýe bolýar we halkymyzyň kalbyny joşgunly duýgulara besleýär.

Şeýlelikde, Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli bähbitleri wagyz edýän  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly gymmatly goşgusy Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan dürdäne eserleriniň dowamaty bolup, ýagty ýol görkeziji şamçyrag deýin türkmen halkyny we dünýä jemgyýetini parahatçylyga çagyryp, umumadamzat neslini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Parahatçylyk bolsa, dünýädäki ähli ösüşleriň, özgertmeleriň özenidir.

Watanymyzyň şan-şöhratyny, Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk derejesini belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.