TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ŞAMÇYRAGY – MAGTYMGULY PYRAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biziň parahat ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Binýady berkden tutulan Berkarar döwletimiz Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar.

Özüniň ägirtlerini sarpalamak, olaryň hatyrasyny, hormatyny belent tutmak halkymyzyň ata-baba gelýän asylly däpleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge has-da rowaçlanýar, täze öwüşgine eýe bolýar. Elbetde, «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekilmegi-de munuň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny heýjana getirýän, durmuş ýoluna Gün kibi şugla saçýan gaýtalanmajak ajaýyp döredijiligi bilen dünýä meşhurdyr. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary döredijiligiň belent nusgasydyr. Ol ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döreden beýik ynsandyr.

Häzirki döwürde Magtymgulynyň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň döredijiligi halk köpçüligine ýetirilýär. Şahyryň goşgularynyň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ruhy-ahlak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň ruhy binýadynyň sarsmazlygyny kepillendirýän gudratdyr. Hut şeýle ruhy binýadyň gudraty bilen hem türkmen öz durkuny ýitirmän, mähriban topragyny Garaşsyz, baky Bitarap topraga öwürdi. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň ösmegine-de bimöçber goşant goşan söz ussadydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmek beýik şahyryň döredijiligini, ylmy garaýyşlaryny, döwletlilik hakyndaky pikirlerini, baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işlere täze badalga berdi.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aşakdaky setirlerini okanyňda ýaşap ýören bagtyýar zamanamyzyň, berkarar döwletiň gymmatyna has hem çuňňur akyl ýetirýärsiň.

Hor bolmasyn puştba – puştum,
Berkarar döwlet islärin.

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän Watanymyzda agzybir halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny göreniňde ruhuň göterilýär, buýsanjyň artýar. Bu bolsa şahyryň döredijiliginde öňe süren arzuwlarynyň hakykat ýüzünde kemal bolandygyna şaýatlyk edýär.

Magtymgulynyň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Söz ussadynyň ata-babalardan nesillere tarap kesilmän akyp gelýän edep kadalaryny, paýhas ýörelgelerini özüne siňdiren şygyrlaryny okanyňda, ýaşaýşa bolan täze belent ruh süňňüňi gurşap alýar.  Şahyryň şygyrlaryna siňdiren milli ruhy her bir adama egsilmejek ruhy güýç, ynam berýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, ýazylýan makalalar, eserler halky, esasan-da ýaş nesli şahyryň ruhy dünýäsine ýakynlaşdyrýar.

Akyldar şahyrymyzyň halkyna, Watanyna bolan söýgüsini, mährini hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyryň beýikligi hem onuň öz halkyna, türkmen topragyna bolan söýgüsinden gözbaş alýar. Akyldaryň bize miras goýan şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip häsiýetlendirmek bilen, olary egsilmeýän joşgunly derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. 

Akyldar şahyryň XVIII asyrdaky oý-pikirleri, pähim-paýhasy biziň şu günki döwrümizde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly many – maňyzdan püre – pür goşgusyny ähli türkmen halkyna peşgeş bermegi bolsa bütin türkmen halkynyň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy. Beýik şahyryň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilip geçilýän, 2024-nji ýylymyzyň hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy tüýs jüpüne düşen çözgütdir.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir» diýip, örän jaýdar belläp geçişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň her bir şygry külli adamzat üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Dünýä belli nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekillerine sarpa goýmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýän, medeni gymmatlyklarymyzyň has-da ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary – hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Maksatmyrat Geldiýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy.