TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MILLETIMIZIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

Gadymy türkmen halkynyň dünýäni haýrana goýýan milli mirasy bardyr. Şolaryň biri hem aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen alabaý itleridir. Türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary bilen dünýäde giňden tanalýandygyny, şeýle hem tohum itleriniň arasynda iň naýbaşysy hasaplanylýandygyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar.

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem türkmeniň wepaly dosty bolan alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamakda hem-de baş sanyny artdyrmakda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen biziň alabaýlarymyzyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar» diýip  belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi wepaly jandaryň gadyr-gymmatynyň ýokarydygyny görkezýär. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakylanda ýakyn kömekçi, öýünde sakçy, goragçy bolan alabaýlar duýgurlygy, hüşgärligi, häsiýetliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Hatda olar duýgurlygy bilen aňyrdan gelýän adamyň nähili niýetdedigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziň hem kömekçisi bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ruhuňy belende göterýän gymmatly kitabyny, şeýle-de «Türkmen alabaýy» atly kalbyňy şatlandyrýan dürdäne goşgusyny ýakymly duýgular bilen okanyňda hem alabaý itleriniň özboluşly aýratynlyklaryna, dünýädäki meşhurlygyna doly göz ýetirmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 15 – 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionaty geçirildi. Ýaryşyň şertine görä, ýeňijiler arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça eminler tarapyndan saýlandylar.

Bu çempionata tutuş Russiýa Federasiýasy boýunça 200-e golaý it gatnaşdy. Çempionatda eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp bolup, «Ak- dost» atly türkmen alabaýy çempion boldy. Bu şatlykly waka ýurdumyzyň itşynaslarynyň begenjini artdyryp, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Elbetde, «Akdost» bu ýeňşe Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, toplan tejribesiniň netijesinde mynasyp boldy.

Ýeri gelende aýtsak, «Akdost» atly türkmen alabaýy 2021-nji ýylda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen türkmen alabaýydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde, öz gözba- şyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Asuda, parahat ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň agzybirlikde bellenilmegi hem uly mana eýedir. Asla ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramyny dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Onuň çäklerinde milli itşynaslygyň iň oňat däpleriniň ösdürilmegini maksat edinýän bäsleşikler hem guralýar.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Elbetde, alabaý itli bolmaga diýseň höwes bildirýän daşary ýurtly adamlaryň hem köpdügini buýsançly duýgular bilen bellemek gerek.   

Mukaddes ata Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy biziň wepaly dostlarymyzyň meşhurlygynyň nobatdaky dabaralanmasy bolar.  

Türkmen alabaýlarynyň at-abraýyny artdyryp, olary dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

 

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.