TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HOŞ GELDIŇ ILIME, SALAM, TÄZE ÝYL!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ta­mam­la­nyp bar­ýan 2024-nji ýy­ly berka­rar Wa­ta­ny­myz, ulus-ili­miz üçin şöh­rat­ly ýyl­la­ryň bi­ri bo­lup, ta­ryhyň sa­hy­pa­la­ryn­a zer harp­lar bi­len ýa­zyl­ar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylyň her bir güni  şanly wakalara, hoş habarlara beslenip, depginli ösüşlere baý boldy. Garaşsyz türkmen döwletiniň senenamasy ýurdumyzyň halkara abraýynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyna, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna, ruhy taýdan galkynýandygyna şaýatlyk edýän wakalara beslendi. Bu ýylda Arkadag şäherimizi, paýtagtymyzy hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň baý ykdysady we tebigy mümkinçiliklerini özleşdirmäge ýardam berýän birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi.

Eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, ýagty geljegi nazarlaýan aýdyň maksatlar döwrümiziň bereket bolçulygyndan, ýurdumyzyň asudalygyndan habar berýär. Ýur­du­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da­ky ok­gun­ly ösüş­le­ri, bi­na­laryň dabaraly açy­lyş­la­ry, dür­li de­re­je­dä­ki fo­rum­lar, Wata­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny da­ba­ra­lan­dyrýan beý­le­ki ta­ry­hy wa­ka­lar ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­ly­my­za şan goş­ýar. Şan-şöhraty dünýä ýaň salan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň toý-baýramlary uludan tutulýar. Bütin adamzadyň uly ruhubelentlik, ak arzuwlar, päk niýetler bilen sabyrsyz garaşan täze 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýetip geldi.

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi, täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp,  dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň birnäçe künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr.

Bu ajaýyp baýram esasy aýratynlygy – älem-jahana nur paýlaýan garyň ýagmagy, adamlaryň birek-birege sowgat bermegi, ýüreklerinde ýagşy arzuw-umytlar beslemegi bilen has-da ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Bereket bolçulygyna, şan-şöhrata beslenip, tamamlanyp barýan ýylymyzda ýetilen belent sepgitler geljek 2025-nji ýylyň halkymyza rysgal-döwlet eçilip, düşümli ýyllaryň biri boljakdygyny buşlaýar. Täze taryhy eýýamyň şöhratly işlerini dowamata atarjak Täze, 2025-nji ýyly mähriban halkymyz uly şatlyk we dabara bilen garşylaýar.

Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşynda gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlaýarlar. Ýerine ýetirilýän çykyşlarda ata Watanymyzyň, onuň tebigatynyň waspy, söýgi, gözellik, ýagşylyk, bagtyýarlyk ýaly gymmatlyklar öz beýanyny tapýar.

Aýdyň geljegimiziň ertirki eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň ülkeler aşyp gelýän Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagy, olara özleriniň arzuwly hatlaryny ýollamagy, dürli jäjekler bilen kemsiz bezelen arça agajynyň ajaýyp öwüşgini her bir adamyň kalbynda ýakymly duýgulary oýaryp, ruhuňy göterýär.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz—Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, eziz Diýarymyzyň her bir raýatyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Eşretli zamanada halkymyzy bagtyň goýnunda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent sepgitlere sary rowana işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Ýetip gelýän, Tä­ze — 2025-nji ýyl  her bir oja­ga rys­gal-be­re­ket ge­tir­sin! Türkmen halkymyz üçin ajaýyp üstünlikleriň, rysgal-döwletiň ýyly bolsun! Asly halal türkmen halkynyň mundan buýana-da görjegi diňe gowulyk, toý-baýram bolsun! Täze ýylyňyz düşümli ýyl bolsun!

 

Jennet Saparowa,

Türkmenistanda  Saýlawlary  we  sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.