TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BAHAR SAÝLAWLARY WE KÄMIL MAKSATNAMALAR

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen 125 saýlaw okrugyna ýurdumyzdaky syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan hödürlenilen dalaşgärleriň maksatnamalary diňe bir giň we baý many-mazmuna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem bu gezekki  saýlawlaryň has işjeň, has guramaçylykly ýagdaýda   geçjekdigini hem alamatlandyrýar. Çünki, her bir dalaşgär öz okrugyndaky saýlawçylaryň isleg-arzuwlarynyň, şeýle hem  olaryň deputatlardan garaşýan çözgütleriniň asyl mazmunyny maksatnamasyna siňdirmegi başarypdyr.

 Dalaşgärleriň maksatnamasynda iri döwlet maksatnamalarynyň ýerlerde, ýagny okruglarda üstünlikli amala aşyrylmagyny hem-de kanunçylygyň has-da kämilleşdirilmegini  üpjün etmäge gönükdirilen meýilleriň düýp maksady öz beýanyny tapypdyr.

Dalaşgärleriň maksatnamalarynyň mazmuny  bilen tanşanyňdan soň, olaryň ählisiniň-de öz okruglarynyň çäklerindäki raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, adamlaryň bolelin we eşretli durmuşda ýaşamaklarynyň üpjün edilmegine, ilatly nokatlaryň arassaçylygyna, geljekki nesliň sowatly we hünärli ynsanlar bolup ýetişmeklerine, ýerlerde täze kärhanalaryň we edaralaryň, önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegine, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge höwesek, taýýarlykly, işjanly, sowatly hünärmenlerdigine doly göz ýetirmek bolýar.

Dalaşgärleriň maksatnamalarynda raýatlaryň amatly we oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi, bu maksatlar üçin olaryň degişli banklardan ýeňillikli karzlary alyp bilmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, obalardaky köçeleriň, obaara ýollarynyň we köprüleriň durkunyň täzelenilmegi, abatlanylmagy bilen bagly durmuşy meseleleriň anyk çözgütleriniň tapylmagyna aýratyn ünsüň berilmelidigi barada hem aýdylýar.

Bu maksatnamalaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hem durup geçmek zerurdyr: olary türkmen döwletini ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň ýerlerde üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmek  baradaky döwletli pikirler birleşdirýär. Milli Liderimiziň baş maksatnamasynyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa, tutuş Türkmenistan döwletimiziň gülşen diýara öwrülmegini we ýurdumyzyň ösüşleriniň täze tapgyrlara göterilmegini üpjün eder.

Bir söz bilen aýdylanda, bahar saýlawlaryna gatnaşýan dalaşgärleriň kämil mazmunly maksatnamalary ýurdumyzyň geljekde-de ösüşler, özgerişler ýoly bilen öňe, diňe öňe rowan bolup, ýeňişli menzilleri üstünlikli geçjekdiginden habar  berýär. 

 

Merkezi saýlaw topary.