TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW KODEKSINIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Taryhy tejribelerden görlüşi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Şunda saýlaw ulgamyna hem möhüm orun berilýär.

Biziň döwletimizde indi ençeme ýyllardan bäri saýlawlaryň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda geçirilmegi, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkara derejesine laýyklykda amala aşyrylýandygyny äşgär edýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ozal hereket eden saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky jemi sekiz sany kanuny özünde jemlemek bilen, bir kanunçylyk namasynda saýlaw hukugyna degişli ähli düzgünleri beýan edýär. Munuň özi, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň esasy ähmiýetli tarapydyr.   

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, ýagny raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanylan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyň demokratik esaslary ösdürilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy esasynda döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeleri üpjün edilýär. Bu bolsa, demokratik hukuk döwleti – ilkinji nobatda, döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilişi ýaly, adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegini görkezýär.

Adam hukuklarynyň goraglylygy kanun bilen kepillendirilen ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere laýyklykda, raýatlaryň syýasy hukuklaryny, gender deňligini göz öňünde tutmak arkaly geçirilýär. Her bir raýatyň döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralaryna saýlanmak we saýlamak hukugynyň durmuşa geçirilmegi, gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy esasynda geçirilen erkin saýlawlar demokratik döwletiň aýrylmaz aýratynlyklary we zerur şertleridir.

Türkmenistanyň saýlaw ulgamy ynsanperwer, demokratik ýörelgelere, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň biri-birine hormat goýmagy, ynanyşmagy arkaly hukuklaryny we borçlaryny iş ýüzünde amal etmegine esaslanýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde raýatlaryň syýasy hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, hukuk döwletini kämilleşdirmäge, demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Halkymyzyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda-da döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan häzirki zaman saýlaw hukugy hem demokratik esaslarda kämilleşdirilýär.

Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanunçylyk binýady bolup durýar. Milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, saýlawlaryň saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda we bäsleşik esasynda geçirilmegi doly üpjün edilýär.

Özünde 17 bölümi we 92 maddany, 3 baby jemleýän Türkmenistanyň saýlaw kodeksi 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilip, şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň guramaçylykly, demokratik esaslarda geçirilmegini, Türkmenistanyň raýatlarynyň öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýär.

Şeýle-de, ýurdumyzyň Saýlaw kodeksinde saýlaw toparlaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň, saýlaw okrugydyr uçastoklaryny döretmegiň, dalaşgärleri hödürlemekligiň we olary bellige almaklygyň tertibi, saýlawlaryň maglumat üpjünçiliginiň kepillikleri, ses bermegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi ýaly, başga-da birnäçe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara kadalaryna laýyk gelýän düzgünler beýan edilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, oňa jemi 10 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Bu girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň esasy maksady eziz Diýarymyzda saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmekden, dünýäde toplanan tejribäni nazara alyp, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Eziz Diýarymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirilende saýlawlaryň demokratik esaslarda geçirilişine syn etmek üçin milli synçylarymyz bilen birlikde daşary ýurtlardan hem halkara synçylary gelýärler. Halkara synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary saýlawlaryň netijeleri boýunça guraýan metbugat maslahatlarynda saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde demokratik saýlawlar babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän hem-de saýlawçylaryň erkin we gizlin ses bermegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ähmiýeti barada hem giňişleýin durup geçýärler.

Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň esasy demokratik ýörelgesi saýlawlaryň erkin we azat görnüşde bolmagydyr. Bu esaslar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň esasy ýörelgelerinde açylyp görkezilýär. Ýagny, Türkmenistanyň 18 ýaşa ýeten her bir raýatynyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, saýlawlara gatnaşmaga hukugynyň bardygy berkidilen.

Bulardan başga-da, bu ýörelgeleriň hatarynda saýlaw hukuklaryň deňligi – her bir saýlawçynyň bir sesiniň bardygy, dalaşgärleriň saýlawçylar tarapyndan gös-göni saýlanylýandygy, saýlawlara gatnaşmaklyk erkin we meýletin bolup, saýlawçylaryň öz erkini beýan edişlerine gözegçilik etmäge ýol berilmeýändigi, şeýle-de, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işleriniň saýlaw toparlary tarapyndan açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçirilýändigi berkidilendir.

Bu ýörelgeleriň milli saýlaw ulgamymyzda doly durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Munuň özi ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň milli tejribelere, şeýle hem halkara kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, Merkezi saýlaw topary tarapyndan hem saýlawlary demokratik we hukuk esaslarda guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, dünýäniň ençeme halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýulýar.

Dünýä döwletlerinde geçirilýän saýlawlardyr sala salşyklara halkara synçy hökmünde gatnaşyp, şol döwletleriň saýlaw ulgamynyň işi babatda tejribe alşylýar. Gazanylýan tejribeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde saýlaw ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde raýatlaryň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolan saýlaw hukuklaryny ulanmaklary üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aňladýar.

Asuda, parahat ýurdumyzyň agzybir halkyny demokratik şertlerde ösüşli geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Geok Abaýew,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň kömekçisi.