Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylynda halkymyza uly-uly üstünlikler, möhüm wakalar garaşýar. Bu ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şanly baýram hökmünde giňden belläp geçer.
Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy ugra berk eýerýär. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.
Türkmenistan maksada okgunly, özygtyýarly, Bitarap, şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi aýratyn möhüm waka bolup, taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Döwletimiz iň iri halkara guramasy tarapyndan şeýle derejä eýe bolan ilkinji we ýeke-täk döwletdir.
Döwletimiz parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça görelde alarlyk işleri amala aşyrýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýä döwletleriniň 156-si bilen diplomatik gatnaşyklary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň 49-sy bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, netijeli hem-de işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, deňagramly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bolan global gün tertibiniň döredilmegine goşant goşýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmegi 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Täze ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, şu ýylda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralardyr çäreleri ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.
Guramaçylyk döwlet toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 9-njy ýanwarda geçirilen ilkinji mejlisinde Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriň we ileri tutýan ugurlaryň Konsepsiýasy taýýarlanyldy hem-de köpçülige ýetirildi. Konsepsiýada 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary öz beýanyny tapýar.
Şu ýylyň milli hem-de dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarymyz bilen Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog parahatçylygyň kepili» atly syýasy-filosofik garaýşynyň arasynda özboluşly baglanyşygyň bardygyny görkezýär. Aslynda, parahatçylyga, abadan, asuda durmuşa bolan söýgi, aýdyň geljege beýik ynam halkymyzyň ruhy dünýäsinde, milli özboluşlylygynda öz beýanyny tapýar.
Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Türkmenistan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen, Türkmenistanyň Prezidentiniň derwaýys başlangyçlaryndan gelip çykýan, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan daşary syýasatyň ösdürilmeginde ileri tutulýan uzak möhletleýin we gysga möhletleýin maksatlaryň hem-de wezipeleriň nazarda tutulmagynda hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Şeýle hem ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dostlukly, açyk, köpugurly, milli bähbitleriň gapma-garşylyksyz ileri tutulmagyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara birleşikler we halkara düzümler hem-de forumlar bilen toplumlaýyn gatnaşyklary ösdürmekligi ileri tutýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, özara düşünişmekligi goldaýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Halkara derejesinde ykrar edilen we wagt taýdan çäklendirilmedik häsiýeti bilen düýpli tapawutlanýan türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän daşary syýasat ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýandygyny aýdyp, Aksakgallar geňeşiniň şu ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Munuň Türkmenistan üçin hormatyň nyşany boljakdygyny belledi.
Umuman, sözümizi jemläp aýdanymyzda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň dabaraly çärelerine beslenýän şanly ýyl taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolar.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň barha dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.