TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW IŞLERINIŇ INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ähli ulgamlar innowasion we tehnologiki taýdan döwrebap derejede yzygiderli ösdürilýär. Innowasion tehnologiýalar bolsa häzirkizaman dünýäsiniň ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.

Mukaddes ata Watanymyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny hem uly buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Sanly ulgam bolsa häzirki türkmen jemgyýetinde döwrebap ösüşleriň tizligini, amatlylygyny we ygtybarlygyny üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň demokratik, ynsanperwer başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döredýän giň mümkinçilikleri, taýsyz tagallalary bilen, dünýewi we hukuk döwletimizde geçirilýän demokratik saýlawlarda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini döwrebap derejede ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Aslyýetinde, sanlylaşdyrmak düşünjesini ýönekeý sözler bilen aýdanymyzda munuň özi – adamzat jemgyýetçiliginiň durmuşyndaky dürli ugurlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Häzirkizaman jemgyýetçiliginiň syýasy durmuşynda, şol sanda saýlaw ulgamynda bu babatda uly ösüşli özgerişlikler bolup geçýär.

Ýöne, adamzat jemgyýetçiliginiň durmuşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň oňyn taraplary bilen birlikde onuň töwekgelçilikleriniň – howplarynyň hem bardygyny bellemelidiris. Elbetde, sanly ulgamyň töwekgelçilikli – howply taraplarynyň öňüni almak üçin düýpli çäreler görülmelidir. Hut şonuň üçin hem sanly ulgama geçmek işlerini oýlanyşykly we tapgyrlaýyn amala aşyrmak zerur bolup durýar.

Halkara tejribelerinde saýlaw işlerini sanlylaşdyrmak işleriniň çäklerinde ses bermegi geçirmek üçin häzirkizaman sanly tehnologiýalar ulanylýar. Halkara bilermenleri «Ses bermegiň innowasion tehnologiýalary» diýlen düşünjäni dört derejä bölýärler.

1. Kagyz saýlaw býulletenini skanirlemek tehnologiýasy. Bu görnüşde saýlaw uçastogynda saýlawçynyň özi ýa-da bellik edýän enjamyň kömegi bilen bellik edilip ses berlen kagyz saýlaw býulleteni skanirleýji elektron saýlaw gutusyna salynýar. Saýlaw gutusy saýlawçynyň saýlaw býulletenindäki dalaşgäriň familiýasynyň deňinde eden belligini elektron görnüşde okamak arkaly awtomatiki usulda sanaýar – hasaplaýar. Şunuň ýaly skanirleýji enjamlar saýlaw uçastoklarynda belli bir derejedäki gözegçilik etmek şertlerinde gurnalyp bilner.

2. Elektron enjamda göni ýazgy etmek arkaly elektron ses bermek. Bu usulda saýlaw býulleteni elektron görnüşde bolýar we saýlawçy saýlaw uçastogyndaky sensor ekranly ýa-da düwmeleri bolan enjamda ýerleşdirilen elektron saýlaw býulleteni esasynda dalaşgäriň tarapyna beren sesi boýunça sesler awtomatiki usulda sanalýar. Bu görnüş ses bermegiň netijeleriniň hem awtomatiki usulda, ýagny elektron görnüşde jemlenilmegine mümkinçilik berýär. Özünden belli bolşy ýaly, bu görnüşde saýlaw gutusy bolmaýar, ýagny ulanylmaýar. Adatça, ses bermegiň bu görnüşi hem belli bir derejedäki gözegçilik etmek şertlerinde amala aşyrylýar.

3. Internet tory arkaly ses bermek. Bu görnüş saýlawça internet arkaly islendik ýerde we gözegçiliksiz ses bermäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, sesleri gorap saklamak we sanamak merkezleşdirilen hem-de elektron tertipde amala aşyrylýar. Şunda internet uzak aralykdan elektron ses bermegiň esasy serişdesi bolup durýar.

4. Ses bermegiň innowasion tehnologiýalarynyň garyşyk görnüşleri. Bu dereje merkezleşdirilen ýazgyly saýlaw uçastoklarynda gözegçilikde ses bermegiň we internet arkaly gözegçiliksiz ses bermegiň netijesinde alnan sesleri sanamak şertlerini birleşdirýär. Bu görnüşlerde saýlawçylar saýlaw uçastogynda gurnalan kompýuter enjamy arkaly ses bermelidirler, soňra bolsa ses bermegiň netijeleri elektron görnüşde merkezi serwere iberilýär.

Elbetde, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ýardam bermegi netijesinde ýurdumyzda saýlaw işlerini sanlylaşdyrmak babatynda oňyn işleriň durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.

Has takygy, ozaldan mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäklerinde, geçen 2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda, Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň saýlaw ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.  

Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly häzirki wagtda amala aşyrylýan çäreler hem saýlaw işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini döwrebap derejede kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu çäreler ýurdumyzda geçirilýän saýlaw işlerine ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döreder.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylynda asuda, parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna demokratik özgertmeler, belent maksatly uly tutumlar we ruhubelentlik bilen barýar.

Oguz han atamyzyň pentlerine eýerýän agzybir, merdana türkmen halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.