Bitarap, parahat diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň ynsanperwer tagallalary esasynda, yhlasly we iş başarjaň ýaş nesillerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp şertlerde ýaşamaklary, ylym-bilim almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikleriň, oňaýly şertleriň döredilýändigini ilki bilen aýratyn aýtmak gerek.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Ýaşlar watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinde «Biz gelejegimizi ýaşlarmyz bilen bilelikde gurýarys. Şeýle ýaşlary bolan halk beýik halkdyr. Şeýle beýik halky bolan döwlet beýik döwletdir» diýip, pähim-parasatlylyk bilen belläp geçýär.
Çünki, dünýäniň häzirkizaman şertlerinde döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ýaşlaryň-da işjeň gatnaşmaklary möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Asla, ýaş nesliň jemgyýetçilik durmuşyna mynasyp derejede işjeň gatnaşmagy we uýgunlaşmagy ýurduň geljekki uly ösüşini, berk binýatly syýasy durnuklylygyny kepillendirýär. Ýetişip gelýän akylly, kämil, zehinli we dogumly ýaşlar döwletiň ätiýaçlykda duran ygtybarly güýjüdir.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan erkana ýurdumyzda edep-ekramly ýaşlaryň durmuş, ylmy, medeni, syýasy, ruhy we sagdynlyk taýdan ösmeklerine ýardam bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurduň mynasyp geljekki nesilleri bolmaklary üçin, ýaşlar syýasaty ýaşlar guramalary, ministrlikler, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki degişli edaralardyr düzümleriň derejesinde meýilnamalaýyn hem-de guramaçylykly amala aşyrylmalydyr.
Şonuň netijesinde, berk bedenli, zehinli türkmen ýaşlary ýurdumyzda we daşary ýurt döwletlerinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda, ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlara – medallara we hormat hatlaryna mynasyp bolup, mukaddes ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Elbetde, saýlaw hukukly ýaşlaryň syýasy işjeňligi ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda-da öz mynasyp beýanyny tapýar.
Menikli we ahlakly ýaşlaryň syýasy işjeňliginiň artmagy hem-de kämilleşmegi özleriniň döwletiň ösüşinde, şol sanda saýlaw ulgamynda wajyp orunlarynyň bardygyna göz ýetirmeklerine ýardam berýär. Şonuň netijesinde, kemally ilhalar ýaşlaryň saýlawlarda mynasyp dalaşgäriň tarapyna oýlanyşykly ses bermek, şeýle-de wekilçilikli edaralara saýlanyp, il-günüň, ýurduň bähbidini goramaga dogry çemeleşmek ukyplary ösýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlar gününe çenli:
• 18 ýaşy dolan raýatyň ses bermäge;
• 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatyň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlige hödürlenilmäge;
• 21 bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan raýatyň welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärlige hödürlenilmäge hukugy bardyr.
Ýaşlaryň saýlaw çärelerine gatnaşmak hukuklary esasan şu aşakdaky böleklere bölünýär:
– saýlaw toparlarynyň;
– raýatlar toparlarynyň;
– meýletinçileriň;
– milli synçylaryň;
– wagyzçylaryň;
– dalaşgärleriň;
– ynanylan adamlaryň;
– saýlawçylaryň;
– şeýle-de wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda gatnaşmak.
Olaryň bu saýlaw hukuklaryna doly we dogry düşünmeklerini gazanmak hem zerur wezipeleriň biri bolup durýar.
Saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň arasynda yhlasly ýaş nesliň wekilleriniň köpüsiniň bolmagy, dünýewi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky oňyn syýasatyň saýlaw ulgamynda-da üstünliklere eýe bolýandygyny äşgär edýär. Soňky maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen 2597 sany uçastok saýlaw toparlarynyň jemi 17624 agzasy bar, agzalaryň 30 göterimden gowragy bolsa 35 ýaşa çenli raýatlardyr, ýagny ezber ýaş nesillerdir.
Ýöne, üme düşýän messepli nowjuwan ýaşlaryň tejribeliligi Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halypa-şägirtlik ýoly hem-de ata-baba dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerimizden ugur alnyp kämilleşdirilmelidir. Halypa-şägirtlik ýoly ýaşlaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza wepaly bolmaklary, şeýle-de demokratik, hukuk we dünýewi ýurdumyzyň syýasy durnuklylygynyň dowamat dowam bolmagy üçin ähmiýetlidir.
Erjel ýaşlaryň saýlaw möwsümine höwesli gatnaşmaklarynyň saýlaw işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda hem ähmiýetli ornunyň bardygyny, ýagny olaryň häzirkizaman sanly tehnologiýalara erk etmek ukybynyň has ösendigini-de aýratyn bellemek gerek.
Esasan-da, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän, ýagty ýol görkeziji şamçyrag deýin «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji ýazan ajaýyp kitabynyň gujurly, maksada okgunly ýaşlarymyzyň gazanan nusgalyk üstünliklerini dabaralandyrýan we olary geljekki belent sepgitli ösüşlere ruhlandyrýan gymmatly eserdigini uly buýsanç hem-de ýakymly duýgular bilen aýratyn aýdyp geçmek zerurdyr.
Şeýlelikde, agzybir halkymyz, şol sanda asylly, öz işine döwtalap bagtyýar ýaşlarymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler we ruhubelentlik bilen barýar.
Döwrebap derejede ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly, hoşgylaw we Watançy ýaşlary kemala getirmek babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.