TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HAÝYR-SAHAWATYŇ MUKADDES BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli ösüşler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny dabaralandyrýan, agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan şanly wakalara beslenýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata-babalarymyzdan miras galan ýokary ahlaklylyk, belent adamkärçilik, haýyr-sahawatlylyk ýaly hoşniýetli ýörelgelere belent sarpa goýmagy, türkmeniň halkynyň milli gymmatlyklaryny, urp-adatlaryny döwrebap dabaralandyrmagy halkymyzyň has bagtyýar durmuşda, eşretli zamanada ýaşamagyna badalga berýär.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikler, özgertmeler, maksatnamalaýyn beýik işler hormatly Prezidentimiziň kämil çözgütleriniň, halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň hem-de çekýän asylly zähmetiniň netijesinde amala aşýar.

Her ýyl Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Oraza baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda kabul edýän Permanynyň esasynda tutuş halkymyz merdana pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, Oraza baýramyny agzybirlikde belläp geçýär. Ýaramezan aýdýan çagalaryň şadyýan owazlary bilen başlanýan täze aýyň dogandygyny buşlaýan Orazany türkmen halky baýramçylyk ruhy bilen garşy alýar.

Metjitlerde, maşgala ojaklarynda, edara-kärhanalarda agzaçar sadakalary berilýär. Adamlar haýyr-sahawat işlerini has-da artdyrýarlar. Dost-doganlygy, şükranalygy, ruhy päkligi, rowaçlandyrýan bu aýyň musulman äleminiň päkize asmanynda dogmagy bilen halkymyzda adaty bolmadyk ruhy galkynyşyň emele gelmegi-de hut şonuň üçindir.

Mukaddes Kuranda aýdylyşy ýaly, müň aýdan has haýyrly hasaplanýan Gadyr gijesi hem bu aýyń içindedir. Şonuń üçin hem Oraza aýynyń bu gijesi musulmanlara bagyş edilen uly pursatdyr. Türkmen halkynda Gadyr gijesine uly hormat goýulýar, çünki, bu gije yslam äleminde mübärek hasaplanýan dört gijäniň biridir.

Oraza aýynyň içinde aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Gadyr gijesine her bir maşgala ýörite taýýarlyk görýär. Dürli tagamlar bişirilip, saçaklar naz-nygmatlardan doldurylýar, goňşy-golamlara, dogan-garyndaşlara myhmançylyga barylýar, gün dogýança maşgala abadançylygy, dünýä parahatçylygy, mähriban Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň agzybirligi beýik Biribardan dileg edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen Permanlara we Kararlara mukaddes Oraza aýynda gol çekmegi bu sahawatly aýyň ynsanperwer wakalary bolup, ýüreklerimizi buýsançdan doldurýar. Oraza baýramynyň öňünden gelýän Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilenleriň ýüzlerçesiniň günäsiniň geçilip, maşgala ojaklaryna gaýdyp gelmekleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynsanperwerliginiň, sahawatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Oraza baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenilmegi yhlasly zähmet çekýän, gurýan, döredýän halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar.

Parahatçylygy, hoşniýetliligi we dost-doganlygy dabaralandyrýan däplerimiz we dessurlarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz her bir ynsanyň ruhy dünýäsine täsir edýän, mertebesini beýgeldýän genji-hazynadyr. Ynsanperwerligiň, sahawatyň we asudalygyň mekany bolan Berkarar döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Ýazmyrat Baýramdurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Lebap welaýaty boýunça iş ýöredijisi.