Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer tagallalary esasynda, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda saýlaw işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ösdürmek babatynda netijeli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek işleri milli we halkara tejribelere esaslanmak arkaly hem-de yzygiderli alnyp barylýar.
Ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ulanmak soňky wagtlarda has giň gerime eýe bolýar. Halkara tejribelerine ser salyp görenimizde, saýlawlarda uzak aralykdan elektron görnüşde ses bermek ulgamyny eýýäm ulanýan ýa-da ony ulanmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýan döwletleriň sanynyň ýyl-ýyldan artyp barýandygyny görmek bolýar. Ýöne, saýlawlarda ses bermegiň sanly tehnologiýalaryny ulanmagyň artykmaçlyklary – oňyn netijeleri bilen bir hatarda, onuň töwekgelçilikli taraplarynyň hem bardygyny belläp geçmek gerek.
Ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ulanmagyň artykmaçlyklary esasan şulardan ybaratdyr:
– ses bermek üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagy we jemgyýetiň döwrebaplaşmagy;
– saýlawçylary, esasan hem daşary ýurtlarda ýaşaýan (bolýan) raýatlary ses bermäge gatnaşmaga çekmek işleriniň güýçlenmegi;
– mümkinçiligi çäkli we ýurtda ýaşaýan az sanly milletleriň dillerinde gürleýän saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmaklary üçin döredilýän şertleriň artmagy;
– saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça çykdajylaryň azalmagy;
– birnäçe görnüşli saýlawlary bir wagtda geçirmek mümkinçiliginiň döremegi;
– saýlaw býulletenlerini nädogry doldurmak töwekgelçilikliginiň peselmegi;
– sesleri sanamak işleriniň has ýokary takyklygy hem-de saýlawlaryň jemleriniň dessin – tiz wagtyň içinde yglan edilmegi we beýleki artykmaçlyklar.
Ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ulanmagyň töwekgelçilikli taraplary bolsa, esasan, şulardan ybaratdyr:
– ses bermegiň gizlinligini üpjün etmek;
– ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ulanmagyň tertibini düzgünleşdirýän goşmaça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek;
– innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen baglylykda, saýlaw kanunçylygyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek;
– ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny satyn almak we onuň işini ýola goýmak boýunça çykdajylaryň döremegi;
– saýlaw toparlarynyň agzalary bilen ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ulanmak boýunça goşmaça okuw maslahatlaryny geçirmek;
– ses bermegiň innowasion tehnologiýalaryny ulanmak barada saýlawçylaryň goşmaça habarly edilmegi;
– saýlawçylaryň şahsyýetini takyk kesgitleýän şahsy maglumatlaryny bellenilen tertipde täzeden düzmek;
– saýlawçynyň (zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen) mejbur edilmezden özbaşdak, erkin we meýletin ses berýändigine gözegçilik etmekde kynçylygyň döremegi;
– saýlawçynyň uzak aralykdan beren elektron sesi baradaky habaryň
hakykylygyny anyklamak;
– ses bermegiň innowasion tehnologiýalarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek we beýleki töwekgelçilikler.
Şeýlelikde, tejribeli halkara bilermenleriň aýtmagyna görä, saýlawlarda ses bermegiň innowasion tehnologiýalary ulanylanda saýlawçynyň erk-isleginiň goraglylygyny üpjün etmegiň saýlaw hukugynyň esasy demokratik ýörelgeleriniň biri bolup durýandygyny bilmelidiris.
Asuda, parahat we demokratik ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny, şol sanda saýlaw ulgamyny kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.