TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AHALTEKE BEDEWI – HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleriniň dowamaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen meşhur bolan bedewlerimiz at tohumlarynyň içinde iň gadymylarynyň biri bolup, dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde hem ykrar edildi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar hem-de at çapyşyklary, atly sport ýaryşlary ýokary guramaçylyk, ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli däbe öwrülen ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri şu ýylyň 26-njy aprelinde Arkadag şäherinde geçirmek bellenildi. Bu bolsa ady äleme dolan behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Häzirki wagtda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş, iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylmagy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýip bellemegi, ýurdumyzda bedew atyna goýulýan sarpanyň çäksizdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen atlary has irki döwürlerden bäri halk döredijiliginiň nakyllarynda, sungat eserlerinde, golýazma ýadygärliklerinde «Asman aty», «Nusaý aty», «Suw aty», «Ýel aty», «Behişdi bedew» ady bilen adygyp, dünýäniň çar künjeginde at-abraýy artyp gelýär. Elbetde, «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen türkmen halk nakyly türkmenleriň durmuşynda atlaryň ähmiýetliligini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem ahalteke bedewiniň ajaýyp gözelligi, gyz gylykly häsiýeti, wepadarlygy çeperçilik bilen açylyp görkezilýär.

Ajaýyp bedewlerimiz barada baryp XIII asyrda Merkezi Aziýanyň üsti bilen uzak Gündogara geçip giden italýan syýahatçysy Marko Polo «Dünýäniň täsinlikleri barada» diýen kitabynda: «Men size aýtsam, bu ýerde öran gowy türkmen atlary we gymmatbaha halylar bar» diýip belleýär.

At barada Gorkut ata «Ata namart ýigit münüp bilmez, münenden münmedigi ýeg» diýýär. Bedew atyň çeper keşbi we waspy «Görogly» eposynda, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň we beýleki şahyrlarymyzyň goşgularynda, bagşylaryň aýdymlarynda beýan edilýär. Türkmen ýigitleriniň at üstündäki milli oýunlary, baýrakly at çapyşyklar bolsa türkmeniň toý-tomaşalaryna özboluşly bezeg berip gelýär.

Bilşimiz ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy şu şanly ýylda buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek we geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Çünki, milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýýan gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz parahatçylygyň we gözelligiň alamatydyr.

Türkmeniň behişdi bedewleriniň at-owazasyny arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.