Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde parahat ýurdumyzda toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Asylly däbe görä, gözel diýarymyzda her ýyl bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýär.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämiziň dabaralanmagyny gazanýan hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherini ösdürmekde, paýtagtymyzda täze taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalary edýär. Şol nusgalyk tagallalaryň netijesinde hem berkarar Watanymyzyň ak mermerli paýtagty gözümiziň alnynda ösýär, özgerýär, dünýäniň iň owadan hem nurana şäherleriniň hataryna goşulýar. Ol bu gün özüniň kaşaň köşkleri, ajaýyp desgalary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, owadan seýilgähleri, täsin suw çüwdürimler toplumlary, giň, tämiz we owadan köçeleri, hemişe gök öwüsýän baglary, al-elwan gülleri bilen göreni haýrana goýýar. Şähergurluşygyň milli we dünýä tejribesini özünde jemleýän Aşgabadyň ak mermere beslenen binagärlik keşbinde halkymyzyň ruhy kämilligi, ýagşy arzuw-niýetleri jemlenendir.
Ynsanyň durmuşynda ilkinji gezek bolup geçýän her bir hadysa onuň hakydasynda hemişelik galýar. Ylaýta-da, ýakymly pursatlar ynsanyň ýatlamalar dünýäsinde öçmejek yz galdyrýar. Şeýle ýakymly we tolgundyryjy ýatlamalaryň biri, megerem, 25-nji maý — «Soňky jaň» dabarasy bolsa gerek. Bu dabara belent maksatlary kalbynda besleýän uçurymlaryň durmuşynda iň bagtyýar pursatlaryň biri hökmünde orun alar. 25-nji maýda bilimiň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem rowaçlygyň mekany bolan Aşgabat şäheriniň gününiň ýaşlaryň kalbyny heýjana salýan «Soňky jaň» dabarasy bilen utgaşykly toýlanmagy ýürekleri joşdurýar.
Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen, türkmen halkynyň milli buýsanjyny gül keşbinde jemleýän gözel paýtagtymyz diňe bir ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem medeni merkezi bolman, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajap keşbi gün saýyn özgerýär, onuň gül görki gaýtalanmajak gözellige beslenýär.
Ýurdumyzyň paýtagtynda häzirki wagtda ajaýyp binagärlik hem ekologik aýratynlyklar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze döwrümiziň döredijilik kuwwatyny halkymyzyň asyrlara ýalkym saçýan gurmak ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak esasynda dürli öwüşginli, belent başly desgalar bina edilýär. Bu günki Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy.
Her ýylyň 25-nji maýynda, däp bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda medeni çäreler, dabaralar guralýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gözel paýtagtymyzyň 144 ýyllyk baýramy giňden belleniler. Bu baýramçylyk 2013-nji ýyldan bäri giňden bellenilip gelinýär. Şol ýyl Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde ady äleme dolan merjen şäherimiziň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işleri beýan edilýär.
Elbetde, bu gün gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol Türkmenistanyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we ösüşli geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar.
Halkymyzy ak bagta hem egsilmez eşretlere ýetiren, ajaýyp döwürde ýaşadýan, ýüreklerde buýsanç, kalplarda söýgi döredýän, toýlarymyzy uludan toýlamak bagtyny peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Toýlaryňyz toýa ulaşsyn, eziz watandaşlar!
Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.