Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga, sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ata Watanymyzda welosiped sporty hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde her ýylyň 3-nji iýunynda dabaraly ýagdaýda giňden bellenilip geçilýär.
Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Welosiped meşhur sport ulagy bolmak bilen, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişdedir. Indi 200 ýyldan gowrak wagt bäri welosiped dünýäniň çar ýanynda diňe bir «ýediden ýetmişe» çenli däl, eýsem, has kiçi we has uly ýaşdaky adamlar üçinem iň elýeterli ulag serişdesi hökmünde hyzmat edip gelýär.
Ýurdumyzyň welosipedli sporty ösdürmek baradaky öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýär we goldanylýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi, Türkmenistanyň milli we ählumumy derejede sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmäge, jemgyýetde ekologik medeniýetiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine goşýan goşandynyň uly ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Şeýle-de, 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzda sport ulgamynda gazanylan uly üstünliklerimizdir. Şeýle hem geçen ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi hem döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyny tassyklaýar.
Ýeri gelende bellesek, welosiped sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýy – 3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen – Aşgabat böleginde 335 kilometr uzak aralyga welosipedli ýöriş guraldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdiriji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Täze taryhy döwrümizde sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda ähmiýetini has-da artdyrdy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Munuň şeýledigine, 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul-Hazar-2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Beýik ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Kuraş boýunça dünýä çempionaty, onlarça döwletleriň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy we beýleki geçirilen halkara çäreleri şaýatlyk edýär.
Munuň özi Alym Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eserinde: «Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr» diýen nesihatlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Türkmen türgenleri dünýäniň abraýly sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda parladýarlar. Munuň şeýledigine, ýakynda Kambojada geçirilen AFK-nyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynyň final ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eden täze Arkadag şäheri bilen adybir «Arkadag» Futbol toparynyň ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy hem-de Kuboga we pul baýragyna mynasyp bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimizde türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.