Ikinji jahan urşundan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy tarapyndan dünýä ýüzünde adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda saýlaw hukuklaryny goramak maksady bilen, halkara resminamalarynyň ençemesi kabul edildi.
Saýlaw hukugyny hem öz içine alýan şol halkara resminamalarynyň käbirleri şulardyr:
1) Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy (1948-nji ýylyň 10-njy dekabry, Nýu-Ýork şäheri);
2) Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýasy (1965-nji ýylyň 21-nji dekabry, Nýu-Ýork şäheri);
3) Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Pakty (1966-njy ýylyň 16-njy dekabry, Nýu-Ýork şäheri);
4) Aýallar babatynda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa (1979-njy ýylyň 18-nji dekabry, Nýu-Ýork şäheri).
BMG-niň bu resminamalarynda adamyň hukuklary we azatlyklary baradaky kadalaryň çäklerinde, olaryň saýlaw hukugynyň kadalary hem beýan edilýär.
Wagtyň geçmegi bilen, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan bu guramalara gatnaşyjy döwletleriň saýlawlar bilen baglanyşykly esasy borçnamalaryny, hukuklaryny kesgitleýän halkara resminamalary kabul edildi.
Olaryň käbirleri şu resminamalardyr:
1) Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ynsanperwer ölçegi boýunça maslahatynyň Kopengagen ýygnagynyň Resminamasy (1990-njy ýylyň 29-njy iýuny, Kopengagen şäheri);
2) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň raýatlarynyň saýlaw hukuklary we erkinlikleri hakyndaky Konwensiýa (2002-nji ýylyň 7-nji oktýabry, Kişinýew şäheri).
Kopengagen ýygnagynyň Resminamasynda saýlaw hukugy beýleki ugurlar boýunça hukuklar bilen bilelikde beýan edilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň raýatlarynyň saýlaw hukuklary we erkinlikleri hakyndaky Konwensiýada bolsa diňe saýlaw hukugynyň kadalary kesgitlenilýär.
Kopengagen maslahatynyň resminamasy bilen bir hatarda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) düzüm birlikleri, esasan-da Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy (DIAHE) tarapyndan hem «Saýlawlaryň uzakmöhletleýin synçylary üçin gollanma. Saýlawlar gününden öň we soň syn etmek» (ÝHHG/ DIAHE, 2007-nji ýyl, Warşawa şäheri) diýlen saýlaw hukugy barada kabul edilen resminama bardyr.
Şeýle-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletlerde saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň ýörelgeleri hakyndaky» Beýannamasy (2008-nji ýylyň 25-nji noýabry, Sankt-Peterburg şäheri) bar.
Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda saýlaw hukuklaryny goramak maksady bilen, ady agzalyp geçilen hem-de beýleki halkara guramalary tarapyndan başga-da ençeme halkara resminamalarynyň kabul edilendigini belläp geçmek bolar.
Saýlaw hukugyny kadalaşdyryjy bu halkara resminamalary saýlawçylar, saýlawlaryň guramaçylary, synçylar, syýasy partiýalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we saýlaw işleri bilen gyzyklanýan beýleki taraplar üçin peýdalydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy ykrar edilýär, Saýlaw kodeksinde bolsa, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalarynyň ulanylýandygy beýan edilýär.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.