TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — AÝDYŇ MENZILLI GELJEGIMIZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk toýy şu ýylyň dekabr aýynda giňden belleniler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna barýan şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamynda ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleriň öňe sürülmegi, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmeklige giň ýol açylyp berilmegi, halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, ýaş nesliň ene topraga söýgüsini artdyrmakda we ýurduna wepalylygy terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Şonuň esasynda hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy bolup, onda ýaş nesillerimize nusga alarlyk gymmatlyklar sanardan kän. Şol gymmatlyklaryň biri bolan Bitaraplyk syýasaty hem öz köklerini halkymyzyň geçmiş taryhyndan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda «Ata-babalarymyzyň örän çylşyrymly we şöhratly taryhyny öwreniň, ondaky iň gowy zatlary öz durmuşyňyza nusga ediniň!» diýip belläp geçýär. Bitaraplyk bolsa, nusga edinere iň gowy zatlaryň biri bolup, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji däpleriniň iň ýokary beýanydyr.

Bitaraplyk barada söz açylanda, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň ýer togalagynda has giňden tanalmagyna ýardam berýän esasy aýratynlygydygyny bellemek, gör, nähili ýakymly. Bu Bitaraplyk hukuk derejesi türkmenleriň ata-babalaryndan gaýdan parasatlylygyny şöhlelendirýän we häzirki döwrüniň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerini sazlaşykly utgaşdyryjydyr. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginiň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halky üçin çekýän irginsiz zähmeti durýar.

Ynsanperwer we demokratik ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş we ykdysady taýdan ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Türkmenistan häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylmagy netijesinde, uly halkara abraýa eýe bolan, şeýle belent derejä ýeten ata Watanymyz goňşy ýurtlar, dostlukly halklar bilen ägirt uly taslamalary amala aşyrýar. Munuň özi döwletimiziň we dünýä halklarynyň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da berkemegine, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegine ýurdumyzyň uly goşant goşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hemişelik Bitaraplyk ýer ýüzüne nusgalyk ýörelge bolup, özara bähbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşe bolan islegleri jebisleşdiriji halkara-hukuk guraly bolup, adamzat bähbitlerine, täze başlangyçlara we möhüm wakalara giň ýol açýar.

Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri diňe beýik işleri bilen dabaralanyp gelýän ýurdumyzda bu gün halkymyz bir maksada, ýagny, agzybirlik maksadyna gulluk edýär. Agzybirlik bolsa, bizi ajaýyp üstünliklere, ösüşlere, abraý-mertebä ýetirýär. Döwletlilik agzybirlikden başlanýar. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, parahat ýurdumyzda toý toýlamak iň uly bagtdyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydyr. Asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem her bir ösüşler, üstünlikler ähli halkymyzy ruhlandyrýar, ýüreklerde buýsanç döredýär.

Goý, halkymyzy bir saçaga jem eden, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, adamzat bähbitli ynsanperwer işleri rowaç alsyn!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.